TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Eger uçuşda keselleseň…

Birleşen Arap Emirlikleriniň «Emirates» awikompaniýasy ýolagçylara uçuş döwründe koronowirus ýokuşsa, bejergi üçin ähli tölegleri tölemäge taýýar.

Kompaniýanyň resmi saýtynda habar berlişine görä, uçarda kesellänlere berilýän tölegiň mukdary 150 müň dollara çenli ýetip biler. Mundan daşary ýolagçylaryň iki hepdelik karantin üçin çykdajylary hem kompaniýanyň hasabyna tölener. Kompaniýa munuň üçin gündelik 100 ýewro tölär.

Awiakompaniýa bu tölegleri bir aýyň içinde doly geçirer. Ýeri gelende aýtsak, «Emiriates» awgust aýynda halkara gatnawlaryň 62-si boýunça uçuşlara başlamakçy.

 

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle