Gündogar Afrika ýurtlaryndan biri bolan Efiopiýa täze 2015-nji ýyla gadam basdy. Özüne mahsus senenama we wagt ulgamyndan peýdalanýan Efiopoýanyň raýatlary Täze ýyl baýramçylygyny belleýärler. Olarda senenama boýunça 2015-nji ýyla gadam basyldy.
Efiopiýada täze ýylyň ilkinji güni “enkutataş” diýlip atlandyrylýar. Ýylyň ilkinji güni şol bir wagtda ýagyş möwsüminiň tamamlanmagy we hasyl döwrüniň başlangyjy kabul edilýär.
Premýer-ministr Abiý Ahmed öz halkyny ýurduň täze ýylda has gowy geljege bolan umydyna goşant goşjak tagallalaryň bir bölegi bolmaga çagyrdy.
Grigorýan senenamasyndan takmynan 7 ýyl 8 aý yzda barýan we Gün ulgamyna esaslanýan Efiopiýa senenamasy Efiopiýa döwleti tarapyndan ähli resmi işlerde ulanylýar.
Tapawutly wagt ulgamyny ulanýan Efiopiýada täze gün 00:00-da däl-de, 06: 00-da başlaýar. Bir gün 12 sagatlyk iki bölekden ybarat. Şeýlelikde, gije-gündiziň birinji ýarymy 06:00-da, ikinji ýarymy 18:00-da başlaýar. Senanama 30 günlük 12 aýdan ybarat bolup, ýylyň galan 5 ýa-da 6 güni 13-nji aý hasaplanýar. Bu senenama görä, täze ýyl 11-nji ýa-da 12-nji sentýabrda başlaýar.