JEMGYÝET

Edward Lidskalniniň merjen galasy

ABŞ-da agyrlygy 30 tonna deň merjen gala bar. Ol latwiýaly höwesgär gurluşykçy Edward Lidskalnin tarapyndan gurlupdyr.

Iň syrly ýeri ol galany özi, ýagny hiç kimden hiç hili kömeksiz gurupdyr. Goňşylarynyň aýtmagyna görä, Edwardyň traktorlary, ýük maşynalary hem bolmandyr. Ol daşlary özi kesip, gurluşyk ýerine getiripdir. Emma boýy 152 santimetr, agyrlygy 45 kilogram bolan adamyň nädip uly daşlaryp kesip alyp gelendigi häzire çenli nämälim bolup galýar.

Lidskalnin diňe gije işläpdir we myhmanlary halamandyr. Hatda goňşusynyň öýünde gurluşyk başlanda, ol galasyny başga ýere göçüripdir. Şol wagtda hem agyr heýkelleri hiç kimden kömek alman, bir özi ýük maşynyna daşapdyr. Gurluşykçy özüniň nähili işleýändigini hiç kimiň görmezligi üçin elinde baryny edipdir.

Ol Müsür piramidalarynyň gurulyş syryny açandygyny, ýöne syryň nämede jemlenýändigini hiç kime aýtmandyr. Merjen galanysyňam gurulyş aýratynlygy häli-häzire çenli syrlygynda galýar.

 

Arassaçylyk we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça düşündiriş işleri güýçlendiriler

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň wise-prezidenti Arkadag şäherine baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Jewdet Ýylmaz: türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

Jewdet Ýylmaz: Türkmenistan esasy söwda hyzmatdaşymyz

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi badalga aldy

Ata Watan Eserleri