TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Edebiýat — dostluk köprüsi

Edebiýat — munuň özi gözýetmez umman. Onuň dünýäsine näçe aralaşdygyňça seni täsinlikler barha özüne çekýär. Isle öz diliň, isle daşary ýurt dilinde ýazylan çeper eser bolsun tapawudy ýok, kitaby alyp tanyşlyk açanyňdan täze keşpler, täze düşünjeler, täze wakalar öz goýnuna durky-düýrmegi bilen gaplap alýar.

Çagalygyň ümmülmez dünýäsi biziň ählimize tanyş.  Mekdep biziň ilkinji ruhy dünýämiziň, sowadymyzyň, terbiýämiziň gözbaşy bolupdy.Çagalyk döwrüni ýatlanylanda hökman, ýat tutan aýdymyň, ýa bolmasa goşgynyň  serimize dolýanyny özümiz hem duýman galýarys.

Atamyň kitap tekjesinde hemişe hyryn-dykyn bolup, geleniň ünsüni özüne çekýän kitaplary gözigidijilik bilen seredýänim ýadymda. Ýöne o giden kitaplary okap çykmak, oňa düşünmek üçin biziň ýaşymyz kiçidi. Diňe suratly, erteki kitaplary okardym. Şol kitaplary saklap duran ägirt uly diwaryň aýnaly gözünde üç sany nätanyş kişiniň suratynyň kimlerdigi baradaky gyzyklanma welin, hemişe öz içimde galýardy. Ýa ýaýdanç, ýa-da şoňa meňzeş bir nämälimlik soragy hemişe jogapsyz goýýardy. Ýöne bu hakynda bir gün ahyry söz açmaly boldy:
– Ata, şu suratdakylar kimler? Suratlaryň hersi bir ýerde durdy. Özem ýekelikde düşülendi. Atam sorag berenimden soň, ol üç suraty hem duran ýerinden eline aldy.
– Bularyň  üçüsem şahyr. Türkmen diline-de  terjime edilen goşgulary. Bu Ýesenin. Ine, bu Lermontow, Bu-da Puşkin. Tanyşmy atlary?!
Dogrudan-da, bularyň atlary maňa tanyşdy. Emma men olary tanamaýarkam atamyň  ýakyn garyndaşlarydyr öýderdim.

Şo barmana-da atam seteran duran kitaplary dörüşdirip, içinden bir kitaby maňa uzatdy. Kitabyň ýüzünde «A. Puşkin TDN 1949» diýen ýazgy bardy.

– Al, köşegim, bu kitaby. Okap çykaňsoňam  gürrüň ber. Indi bu seniňki. Lermontow bilen Ýeseniniň hem kitaplaryny tapyp goýaryn indiki gelinçäň…
«Türkmendöwletneşir Aşgabat 1949» diýen ýazgyly kitap häzirem şo durkuny saklap dur. 73 ýyly üstünden geçiren bu kitap üçin biziň ägirt terjimeçilerimiz gör nähili zähmet siňdirendirler..

…Ç. Aşyrow, Ý. Nasyrly, A. Atajanow, G. Gurbansähedow, B. Jürmenek, B. Kerbabaýew, B. Seýtäkow, A. Nyýazow, G. Seýitliýew, G. Burunow, M. Sopyýew. Bu ynsanlar doganlyk halklaryň, şol sanda rus halkynyň eserlerini türkmen halkyna ýaýdylar. Olar edebiýatda, terjime sungatynda çorba sowadan şahsyýetler.   Rus klassikasyny biziň ählimizem söýüp okaýarys. Onda-da Puşkini, Lermontowy, Ýesenini. Olaryň biziň meşhur terjimeçilerimiz tarapyndan halka ýetirilen baý eserleri bolsa, biziň türkmen okyjylarymyza häzirem ýetirilip dur.

…Edebiýat, taryh, medeni gatnaşyklar  döwletleriň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary has-da berkidýär. Bu hemişe-de şeýledi, häzirem şeýle.

2022-nji ýylyň 12–13-nji maýy aralygynda Russiýa Federasiýasy — Merkezi Aziýa Parlamentara forumy hem-de Zenanlaryň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýadynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça žurnalistlere beren interwýusynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň netijeleri hakynda aýdyp, Aşgabatdaky  A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak  meselesiniň maslahatlaşylandygyny, şeýle-de bu başlangyjyň goldaw tapandygyny belledi. Paýtagtymyzda ýerleşýän A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry öz tomaşaçylary üçin hemişe täze spektakllary sahnada goýýar. Türkmen, rus eserleriniň sahnada goýlup, rus dilinde ýetirilmegi bolsa, iki halkyň dostluk gatnaşyklarynyň barha jebisleşýänliginiň alamatydyr.

Goý, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýän türkmen–rus gatnaşyklary asyrlardan-asyrara uzasyn!

Bägül Kakalyýewa,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Türkmen pälwany Döwletjan türk serialynda surata düşdi

 

Ýene-de okaň

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Garaşsyzlyk ýyllarynyň rowaçly üstünlikleri

Ata Watan Eserleri

Teswirle