TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

ECO-93 benzininiň eksporty 2 esseden gowrak artdy

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ECO-93 söwda belgili benziniň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse ýokarlandy. Bu barada “oilgas.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Tebigy gazdan benzini senagat taýdan öndürýän dünýädäki ilkinji zawod 2019-njy ýylyň başynda Ahal welaýatynda ulanylyşa girizildi. Zawod her ýyl EURO-5 standartyna laýyk gelýän 600 müň tonna ekologiýa taýdan arassa sintetik ECO-93 benzini öndürmäge ukyply.

2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda zawod tebigy gazdan benziniň öndürilişini 3,6 esse ýokarlandyrdy.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýä söwdasyndaky kynçylyklara garamazdan, «mawy ýangyçdan» türkmen benzinini Beýik Britaniýa, Daniýa, Bolgariýa, Gruziýa, Russiýa, Özbegistan, Owganystan ýaly dünýäniň onlarça döwleti satyn alýar.

Belläp geçsek, türkmen tebigy gazyndan benzin ulanylanda kükürt oksidiniň zyýanly zyňyndylary 50 esse, azot oksidi – 5 esse, uglerod oksidi – 2 esse, uglewodorod – 20%-e çenli azalýar.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmen-azerbaýjan işewürler geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Koreý kompaniýalary Türkmenistandaky “akylly şäher” taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

Teswirle