TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

“EarthSense” tarapyndan işlenip düzülen oba hojalyk “TerraSentia” roboty

Takyk oba hojalyk ekinlerden ýygnan maglumatlary ulanyp, maşyn öwreniş modellerini gurmak mümkinçiligini berýär. Şeýle-de bolsa, maglumatlaryň yzygiderli berilmegini göz öňünde tutýar, esasanam lokallaşdyrylan maglumatlar, sebäbi her bir ekerancylygyň  özboluşly we ösýän şertleri dürli-dürli bolýar.

Esasanam howanyň üýtgemeginiň ýokarlanmagyny göz öňünde tutup, daşky gurşawymyzyň dinamiki we yzygiderli üýtgeýändiginligi üçin şeýle robotlar örän wajyp esasy serişdeleriň biridir.

Oba hojalygynda robotlary we AI-ni has giňişleýin öwrenenimizde, oba hojalykda maglumatlary ýygnamak üçin döredilen tehnologiýa göz aýlasak. “EarthSense” tarapyndan işlenip düzülen “TerraSentia” roboty diňe bir daýhan üçin däl, eýsem alymlar, seleksionerler, önüm öndürijiler we agronomlar üçin ekin maglumatlary ýygnamakda möhüm serişde bolup durýar.

TerraSentia ýaly robotyň peýdasy, daýhanyň ýa-da gözlegçiniň başga biriniň ekin maglumatlaryna ýa-da maşyn öwreniş modellerine bil baglamazdan, maglumatlary ýygnamagyny aňsatlaşdyrmagydyr. Esasanam belli bir ýerde we belli bir şertlerde tohumlary döretmek ýa-da saýlamak barada aýdylanda daýhanlar takyk ekerançylyk üçin awtomatlaşdyrylan gurallary ulanmak bilen öz işjeňligini artdyrýarlar.

Daşary döwletlerde TerraSentiany häzirki wagtda mekgejöwen, soýa, bugdaý, ýorunja, gök ekin ekinleri, baglar we üzümçiliklerde ýerleşdirildi.Robot näçe köp maglumat ýygnasa, şonça-da anyk ölçeg we gözegçilik etmek mümkinçiligi artýar.

 

Bäşimow Bezirgen

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

Uniwersitetiniň talyby

Bir günde 4 milliondan gowrak agaç nahaly ekildi

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle