TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Düzzüm oýunyň taryhyndan

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly Berdimuhamedow:

– Her bir oýun adamda duýgurlygyň, çeýeligiň, deňagramlylygyň, güýjüň hem-de paýhasyň kemala gelmegine ýardam edýär [1, 210 s.].

Türkmen halkynyň nesil terbiýesinde baý tejribesi bolupdyr. Bu tejribe asyrlar boýy kämilleşip biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ata-babalarymyz ösüp gelýän ýaş nesliň aňly-düşünjeli, pähim-parasatly we kämil şahsyýetleri ýetişdirmekde alada edipdirler. Şonuň esasynda bolsa, dürli görnüşli usullary oýlap tapypdyrlar.

Nesil terbiýesinde milli oýunlara uly ähmiýet beripdirler. Çünki türkmen milli oýunlarynyň esasynda çaganyň diňe bir wagtyny şaýdyýan geçirmek bilen çäklenmän, eýsem beden gurluşynyň ösüşini kämilleşdirýär, gözýetimini artdyrýar we dürli görnüşdäki ukyp-başarnyklary kemala getirýär. Türkmen milli oýunlarynyň arasynda paýhas oýunlary uly meşgurlyga eýe bolupdyr.  Bu barada alym Öwez Gündogdyýew şeýle belleýär: Türkmenleriň intellektual oýunlary elýeterli derejede bolmak bilen logiki pikir ýöretmäni giňişlikde bolup geçýän zatlary kabul etmegi we tapawutlandyrmagy, çalt üýtgeýän ýagdaýlardan baş alyp çykmagy öwredýär [2, 31 s.].

Paýhas oýunlary özüniň görnüşleri boýunça dürli-dürli bolup durýar. Onuň hatarynda “küşt”, “artlatdy”, “düzzüm”, “içýanagyz” we “byçgy” ýaly oýunlary bellemek bolar. Ady agzalan oýunlaryň arasynda “düzzüm” uly meşgurlyga eýe bolupdyr. Çünki bu oýun özüniň sadalygy bilen tapawutlanypdyr.

“Düzzüm” oýun jübüt oýnalýan oýunlaryň biridir. Oýun üçin tekiz ýere ýa-da kagyza biri-biriniň içinden çyzylan dötrburçly üç sany çyzyk bolup, ol dört burçlygyň dört ýerinden dik çyzyklar arkaly birleşdirilýär. Çyzyk çyzylandan soň, oýunçylaryň hersiniň sekiz sany üýtgeşik reňkdäki daş alýarlar. Oýunçylar öz aralarynda kimiň ilki göçüm etmelidigini bije ýa-da sanawaç esasynda belli edilýär. Ilki başlajak belli bolandan soň, dört daşyny islendik ýerinde goýýar. Ol daşlaryny haýsy hem bolsa bir çyzygyň ugrundaky hatarda üç daşyny ýerleşdirmäge synanyşýar. Birinji oýunçy dört daşyny bir nokatda goýanyndan soň, garşydaşy onuň daşlaryna garşy gabatda goýup üç daşyny hatar edip goýdurmazlyga synanyşýar. Netijede oýunçylaryň haýsysy ilkinji bolup, üç daşyny bir hatara düzüp bilse, onda şol oýunçy hem ýeňiji bolýar. Düzzüm oýny oýunçylarda sowukganlylygy, pähimliligi we dürs pikirlenmäni kämilleşdirýär [3, 39 s.].

Düzzüm oýny gadymy türkmen oýunlarynyň biri hasaplanýar. Onuň şeýledigine arheolog alym Gurban Adykowyň berýän maglumatlarynda görmek bolýar: orta asyr ýadygärligine degişli bolan Gökdepe şäher (Sarahsdan 15 km demirgazykda) harabaçylygy taryhy-arheologik taýdan öwrenilende men täsin bir zady tapdym. Ol XI-XII asyrlara degişli bişen kerpiç bolup, bir-birlerine dört burçy emele getirýän çyzyklar çyzylan. Bu kerpiçiň ýokarsynda oýulan düzzüm oýnunyň meýilnamasy bolupdyr [4.].

Arheologiki maglumatlardan görşümiz ýaly, ata-babalarymyz gadymy döwürlerde hem şu oýnuň üsti bilen ösüp gelýän ýaş nesliň pikirleniş ukyplaryny ösdüripdirler, ukyp-başanyklaryny kämilleşdirip, geljekde Watana wepaly, il-güne peýdaly şahsyýetleri terbiýeläpdirler. Häzirki wagtda hem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriniň arasynda bu oýuna uly gyzyklanma bildirilýär. Ýurdumyzyň medeni seýilgählerinde hem çagalaryň bu oýny oýnaýan pursatlaryna duş gelmek bolýar.

EDEBIÝAT:

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmen medeniýeti. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015.
  2. Ö. Gündogdyýew., A. Jykyýew. Türkmenleriň milli oýunlary. – A., 2002.
  3. Annaýew., G. Balakaýew., K. Mommyýew. Türkmen milli oýunlary. A., 1962.
  4. К. Адыков. Находка археолога подтверждает… Туркменская искра. 1960 г. 1 марта.

Olga Adykowa Türkmenistanyň Taryh we

arheologiýa institutynyň ylmy işgäri,

Ymammuhammet Şamämmedow

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň talyby

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle