TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Düýeguşlar barada nämeleri bilýäris?

Ýer ýüzündäki bar bolan guşlar özlerine mahsus bolan aýratynlyklary bilen bir-birlerinden tapawutlanýarlar. Düýeguşlar hem şeýle täsin guşlaryň biridir.

Ylmy taýdan “Struthio camelus”  ady bilen tanalýan düýeguşlar dünýädäki iň uly we iň agyr guşdyr. Olar yssy we gurak howa şertlerinde ýaşap bilýärler. Bu guşlaryň watany Afrika hasaplanýar. Şeýle-de bolsa olar dünýäniň köp ýerlerinde ýaýrandyrlar.

Düýeguşlar agaçlaryň ýapraklary, kökleri, tohumlary we beýleki ösümlik galyndylary bilen iýmitlenýärler. Şeýle-de olar mör-möjekleri we gemrijileri hem iýýärler. Olar garnynda 1 kilograma golaý daş göterýärler.

Dünýäde iň uly agyr guş bolan düýeguşlar ösümlikler bilen iýmitlenende olardan ýeterlik mukdarda suw alýandygy üçin köplenç suw içmeýärler. Olar uzak wagtlap suwsuz ýaşap bilýärler. Ýöne düýeguşlara suwdan doldurylan ýer gabat gelse ondan içýärler.

Beýleki guşlardan tapawutlylykda düýeguşlaryň özboluşly beden aýratynlyklary bardyr. Olaryň agramy ortaça 68-150 kg aralygynda bolýar. Düýeguşuň jüýjeleri birinji ýylynda her aý 25 santimetrden gowrak ösýärler we doglandan bir geçenden soň olaryň agramy 45 kilograma çenli artýar. Düýeguşlaryň bedeniniň kadaly temperaturasy 39-40 0С aralygyndadyr.

Düýeguşlaryň gözleriniň diametri 50 mm bolup, olar guşuň beýnisinden has uludyr. Guşlaryň uzyn kirpikleri gözlerini goramak wezipesini ýerine ýetirýär.

Düýeguşlarda döş süňküniň ýoklugy sebäpli uçup bilmeýärler. Şeýle-de bolsa olaryň örän güýçli ganatlary bardyr. Tomus paslynyň yssy günlerinde bedeni sowatmak üçin ganatlaryndan peýdalanýarlar. Gyş aýlary bolsa budlaryny ganatlary bilen örtýärler.

Bu guşlaryň örän güýçli aýaklary bardyr. Onuň aýagynyň bir urgusy gaplaňy öldürmek üçin ýeterlikdir. Her aýagynda 10 santimetrden gowrak dyrnaklary bardyr. Olar ylgaýan guşlar bolup, sagatda 70 kilometr tizlik bilen ylgap bilýärler.

Düýeguşlar kynçylyk duýanlarynda ýa-da olara howp abananda görünmezlik üçin uzyn boýnuny ýere basýarlar. Bu olaryň gorag häsiýetidir. Olaryň kellesi topragyň ýa-da gumuň reňki bilen gowy garylýar. Netijede, guşuň kellesi gömülen ýaly bolup görünýär.

Düýeguşlar ýylyň mart-sentýabr aýlary köpelýärler. Olaryň ýumurtgasynyň uzynlygy 15 santimetrden gowrak, agramy bolsa 1,5 kilograma golaýdyr.

Bu guşlar 50-75 ýaşaýarlar.

 Nurgeldiýew Nazarly

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

Türkmenistan bilen Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy şertnama baglaşdy

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle