TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Durmuşyňyz süýji bolsun, Söýgiň mydam güýji bolsun!

 

Hekaýa

(durmuşdan parça)

 

Biri-biriňe däl-de, iki bolup bir tarapa seretmeklige söýgi diýilýär.

Myrat aga maşgalasy Merjen eje bilen biri-birilerine guwanyp we biri-birilerini söýüp ýaşapdyrlar. Myrat aga obanyň iň gowy görülýän ussalarynyň biridi. Günlerden bir gün Merjen eje ýaş wagtynda örän agyr hassalygy başdan geçripdir. Şol kyn günlerinde oňa  göwünlik berjek, süýji söz aýtjak, özüniň çyndanam söýülýändigini açyk görkezjek adamlara mätäçdi. Öz ejesi we kakasy onuň çaga wagtynda aradan çykypdyr we özünden başga-da doganlary bolmandyr. Zenanyň arzuwy hemişe arzuwlanýan zenan bolmakdyr. Şu ýagdaýda oňa goldaw berjek ýeke-täk adam bardy. Olam bütin ömrüni şol bilen geçirmäge razy  bolan öz söwer ýary Myrat agady. Obanyň lukmanlary Merjen ejäniň saglyk ýagdaýy sebäpli, galan ömründe ene bolup bilmejekdigi barada aýtdylar. Olar bu habara diýseň gynandylar, ruhdan düşdiler. Soňra ençe aýlar, pasyllar çalyşdy, ýyllar geçdi. Olaryň biri-birlerine bolan söýgüsi hiç haçan öçmedi. Günlerden bir gün, olaryň Hudaýdan perzent üçin köp wagtlap eden ýagşy arzuwlary, umytdyr yhlaslary we doga-dilegleri kabul boldy. Hudaý olara bir ogul perzent berdi. Bu uly arzuwyň amala aşmagynda olaryň bir-birilerine bolan uly ynamlary we beýik söýgünüň uly güýji ýatyr. Olar hiç wagt umytdan düşmediler, düşjegem bolmadylar. Dünýä inen bäbejigiň adyna yhlas edip ýetenim diýip “Yhlas” dakdylar.

Söýgi – durmuşyň özeni. Ähli adamyň öz perzendine bolan söýgüsi tükeniksizdir. Bu gowy habary eşiden obanyň ähli adamlary örän begendiler. Yhlas ile-güne gerekli, Watana wepaly, akylly-başly, merdana goç ýigit bolup ýetişsin diýip gowy arzuwlary etdiler. Wagtyň geçmegi bilen Yhlas öz obalaryndaky orta mekdebe gatnap bilim almaga başlady. Onuň bu şatlykly günlerinde ene-atasynyň söýgüsi we goldawy oňa  güýç berýärdi. Ol özüniň ilkinji üstünlik gazanan günlerini, begenjini, şatlygyny öz mähriban ejesi we kakasy bilen paýlaşdy. Olaryň öz perzentlerine bolan söýgüsi we ýyly mähri ony diýseň begendirýärdi. Ol özüni elmydama bagtly duýýardy. Soňra ol orta bilim mekdebini tamamlansoň göreldeli, ilhalar, watansöýüji, mert ýigitleriň biri  bolup ýetişdi. Ol mekdepde okaýan döwründe Aýjemal atly gyzy halaýar.

Mekdebi tamamlansoň ol Watan öňündäki gulluk borjuny  birkemsiz ýerine ýetirmäge gidýär. Ejesi oňa gowy dilegleri edip:

“Balam, sag-aman Watan öňündäki gulluk borjuňy tamamlap,  yzyňa dolanyp gelmegiňi arzuw edýärin…”

diýip, hoşniýetli sözlerini tamamlady. Yhlas bolsa:

Ejemjan gaýgylanma men size wagtly-wagtynda hat ýollap, habar tutup duraryn, nesip bolsa”

diýip, ýola düşdi. Ol gulluk edýän döwründe öz ejesi we kakasyna hem-de göwün berip halan gyzy Aýjemala hat ýollaýar. Ol ejesi bilen kakasyna özi barada ýazýar, olaryň öz hal-ýagdaýlary barada-da soraýar. Özüniň söýen gyzy Aýjemala ony söýýändigıni aýtmakdan hemişe çekinen Yhlas oňa ýazan hatynda: “Seni çagalykdan mekdebe gatnap başlan günümden, seni tanap başlan günümden bäri men seni söýýärin” diýip ýazypdyr. Ol özüniň söýülýändigini öňdenem onuň hereketlerinden özüne  sözleýän sözlerinden we gözlerinden aňypdyr. Söýýän gözler bilen söýülýän gözleriň biri-birine garaýşy üýtgeşik bolýar. Olar sözsüz düşünişýärler. Aýjemalyňam esger ýigitde göwni bardy. Wagt geçýär. Yhlas Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip, sag-aman dolanyp gelýär. Aradan ep-esli wagt geçýär. Ejesi Merjen eje we kakasy Myrat aga uly arzuw-umytlar bilen terbiýe berip ulaldan perzentleriniň lukmançylyk ugrundan ýokary bilim alyp,  hassahanada lukman bolup işläp, gowy käre eýe bolandygyna göz ýetirensoň oňa:

“Oglum, bize aýdaý,  biz kimlere gudaçylyga barmaly? Seniň halaýan gyzyň barmy? Bizem indi seni öýli-işikli edip, agtyk söýesimiz gelýär”

diýipdirler. Çünki her bir ene öz balasynyň meniklije bir maşgala bilen öý-işikli bolmagyny, bagtyýar ýaşamagyny, ogly bilen gelniniň sagdynja agtyjaklary sowgat etmegini , olaryň boýlaryna guwanmagy arzuw edýär. Öýe gelin şeýle süýji arzuwlar bilen getirilýär. Yhlas ilkibaşda özüniň berjek jogabyndan örän utanýardy, ejesi bolsa onuň ýagdaýyna düşünip:

“Çekinmede aýdaý, oglum”

diýdi. Ol ejesine şeýle jogap berdi:

“Hawa, eje, meniň ýüregimde bir gyz bar, men ony söýýärin”

diýip sozüni tamamlady. Bu habara ejesi we kakasy örän begendiler. Ýaşlaryň söýgüsine ene-atalary garşy bolmandyrlar. Olar hem öz çagalarynyň bagtly bolmagynyň arzuwyndadylar. Soňra Yhlasyň obada uly dabara edip, toýuny tutdular. Onuň söýen gyzy söwer ýary bolan  Aýjemaly alyp berdiler.

Öz söýen gyzyň bilen bagtly, agzybir durmuşda, janyň sag, bir-birege ynanyp ýaşamak uly bagt ahyry! Olar biri-birilerini söýüp, sylap-hormatlap ýaşadylar. Myrat aganyň we Merjen ejäniň nesliniň dowamaty dowam bolup gitdi. Bularyň hemmesi olaryň biri-birlerine bolan söýgüleriniň alamatydyr.

 

Güljemile Ataýewa,

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini

çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen

2-nji orta mekdebiň okuwçysy.

             

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle