TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Durmuşda tutanýerli we batyrgaý çemeleşiň!

Professor eli gutuly synpa girdi. Gutyjygyň içindäki syçanjygy gören talyplaryň bilesigelijilikleri artdy. Professor gutyjygyň agzyny berk ýapdy. Howa gelmez derejede mäkämledi. Synpdakylara: “Bu gutujyk iki gün boýunça synpda durar, haýsyňyz guta ýakynlaşaýsaňyz bu dersi geçip bilmersiňiz” –diýip berk tabşyrandan soň çykyp gitdi. Talyplar bolýan zatlara hiç düşünmediler. Talyplar syçanjygy halas etmek isleseler hem professoryň dersinden galmagy göze alyp bilmediler. Käbir talyp batyrgaý çemeleşip guta ýakynlaşybam bilmediler. Ýeke-täk çykalgalary kesgitlenen güne garaşmakdy. Bellenen günde professor gelip gutujygy açan badyna synpa erbet ys ýaýrady. Syçanjyk bir eýýam ölüpdi. Talyplar gaty gynandylar. Käbirleri özlerini günäkär hasap etdiler. Professor synpa ýüzlenip, syçanjygyň haýsy sebäpden ölendigini sorady.

Synpdan dürli jogaplar gelip başlady: “Howasyzlykdan, açlykdan, suwsyzlykdan we ş.m.” Professory talyplaryň jedelli jogaplary kanagatlandyrmady, gutujygyň içini açyp talyplara görkezdi. Gutujygyň diwarlarynda syçanjygyň gezmeläp gemiren dişiniň yzlary bardy. “Görýäňizmi?, Aslynda syçanjyk gutudan çykmak üçin ep-esli göreşipdir. Diýmek siziň ýaňky sanan ähtimallyklaryňyzyň hiç biri hem syçanjygyň ölmegine getirmedi” –diýip professor deliller bilen esaslandyrdy. Talyplar hem öz pikirlerinde ýalňyşandyklaryny kabul etseler hem takyk jogaby bilmeýändikleri olary ruhdan düşürdi we synpa dymyşlyk aralaşdy. Dymyşlygy ýene-de professor bozdy: “Aslyýetinde syçanjygyň ölmegine iki zat täsir etdi: Syçanjygyň kararsyzlygy we siziň gorkaklygyňyz”– diýdi.

Kararsyzlyk- sebäbi syçanjyk tagta gutyjygyň hemme ýerini däl-de belli bir ýerini, bir nokadyny gemrip deşsedi şol ýerden halas bolmak mümkinçiligi  has hem artardy;

Gorkaklyk- sebäbi siz  bu dersi geçip bilmezlikden gorkmasadyňyz gutujygy açyp syçanjygy halas edip bilerdiňiz. Gorkaklyk sebäpli ýalňyşlyga ýol berdiňiz.

“Durmuşda, sizi üstünlige alyp gidýän ýolda-da çykyp biläýjek duşmanlardyr “Kararsyzlyk we gorkaklyk”. Kararsyzlyk bilen çemeleşmäň durmuşa, belli bir  maksat goýuň we şol ýolda uly ruhubelentlik bilen diňe ilerläň. Ýalňyşmakdan asla gorkmaň, eger-de ýalňyşaýsaňyzam ony düzeltmek üçin sabyrly, batyrgaý çemeleşiň we hiç-haçan göreşmekden gorkmaň, ýadamaň!” –diýip professor çuň manyly sapagyny jemledi.

 

Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Ýene-de okaň

Garaşsyzlyk ýylarynda bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler

Ata Watan Eserleri

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Teswirle