TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİJEMGYÝET

“Durmuşda ruhlandyran üstünlige giden ýollar”

Eger durmuşda üstünlige ýetmekde çynlakaý bolsaňyz, onda üstünlige ýeten adamlaryň başarnykly ýollary bilen özümizi taýynlamakdan başga gowy zat ýok bolsa gerek. Durmuşda, karýerasynda ýa-da işinde başarnykly bolmak isleýän birnäçe adam, adatça muny kän bir başarmaýar. Çünki üstünlige ýetmäge nämeleriň gerekdigini we üstünlige giden ýoluň nähili ýoldygyny bilmeýärler. Diňeje şu wagt üstünlige ýeten we munuň hözirini gören adamlary görýärler we ol adamlaryň bu mertebä ýetýänçä nämeler edendiklerini ýa-da nähili azap çekendiklerini ilki başda görmeýärler elbetde.
Başarnykly adamlaryň üstünlige giden ýollaryny öwrenip, bu ýoluň nähilidigini görersiňiz we şunlukda siziňem üstünlige ýetme mümkinçiligiňiz artar.
Häzir bolsa bilelikde üstünlikleri bilen meşhurlyk gazanan adamlaryň bizi höweslendirjek üstünlige ýeten ýollarynyň käbirlerine göz ataly.
Maglumatyňyz artdygyça siz hem üstünlige bir ädim ýakynlaşarsyňyz.

1. 93 ýaşyndaky suşi aşpezi bilen tanyşyň!
Bu gün dünýäniň iň gowy suşi aşpezlerinden biri bolan Jiro Ononyň restoranyna gitmek üçin 6 aý öňünden sargyt etmegiňiz we 15 minutlyk nahar üçin 350$ dollaryňyzdan geçmegiňiz gerek. Ýeri Jiro Ono bu günlere nädip ýetdikä? Ynha gysgaça düşündiriş:
7 ýaşyndaka arakhor kakasy tarapyndan terk edildi. 9 ýaşynda maşgalasyna seretmek üçin işlemäge mejbur boldy. Bir suşi restoranyna aşpeziň kömekçisi bolup işe girdi we başlygy tarapyndan kemsidilmelere sezewar bolsa-da işi taşlamady.
Jiro Ononyň üstünlige giden ýolunyň özeninde hünär, sabyr, iň gowusyny etmek we iň gowyny gözlemekden ýüz öwürmezlik ýatyr.

2. Tikinçiň kömekçiliginden “Zara”: Amancio Ortega.
Zaranyň esaslandyryjysy hökmünde tanalýan Amancio Ortega 68 milliard dollarlyk baýlygy bilen dünýäniň iň baý 10 adamyndan biri. Emma ol bu derejä aňsatlyk bilen ýetmedi. İşe bir tikinçiniň ýanynda kömekçi bolup başlan telekeçiniň üstünlige giden bu ýolundan öwrenmegimiz üçin birnäçe sapak bar.

3. Soichiro Hondanyň üstünlige giden ýoly.
Soichiro Honda bilşimiz ýaly dünýä belli meşhur Honda firmasynyň esaslandyryjysy. Hondanyň bu ýoly “Toýota” firmasyna iş üçin ýüz tutmagy bilen başlaýar. Bu firma Honda iş üçin onuň laýyk däldigini aýdyp ony işe almaýar. Honda bolsa ruhdan düşmeýär we “Toýota” bilen bäsdeşlige girjek öz firmasyny döretmegi ýüregine düwýär we şeýlelik bilen Honda döreýär. Bu zatlardan öwrenmeli bir zat bar bolsa ol hem asla ruhdan düşmezlikdir!
Okaýan orta mekdebinden kowuldy. Heniz 15 ýaşyndaka ulag ussahanasynda işlemäge başlady we işewürliginiň netijesinde gysga wagtda ussahananyň başyna geçdi. Işleýän ýerinde başlygy bilen sözi azaşanda aýalynyň altynlary bilen öz ussahanasyny açdy. Öz ýasan ulagy bilen gatnaşan ýaryşynda ölümiň bäri ýanyndan gaýtdy. Öňki kärhanasy 2-nji jahan uruşynda Amerikan uçarlary tarapyndan bombalandy we haraba öwrülen kärhanasyny “Toýota” satyn aldy. Mundan 1 ýyl soňra bolsa bu günki Honda kärhanasyny esaslandyrdy.

4. Bir gijede 70 milliard dollar ýitiren Masayoshi Sonuň üstünlige giden ýoly.
Ýaponýanyň Bill Gatesi hökmünde tanalýan Masayoshi Son 1 gijede 70 milliard dollar ýitirip taryha geçendir. Emma dogry maýa goýumlary bilen gaýtadan milliarder bolmagy başarandyr.

5. Bill Gatesiň üstünlikli ýoly.
“Microsoft”-yň esaslandyryjysy bolan Bill Gates bu günlerde biznes dünýäsinde ýaşaýan iň ylham beriji liderlerden biri. Ýöne welin onuň syçanjykly täze kompýuter ýasamak baradaky pikirini başga bir firma hödürlän wagtynda ýüz öwürendiklerini bilýärdiňizmi? Hatda käbir adamlaryň aýtmagyna görä taslamanyň ýerleşdirilen kagyzlaryny iş eýeleri onuň ýüzüne zyňypdyrlar we şeýlelik bilen ol Bill Gates bolupdyr.

6. Dünýäniň iň baý adamy bolan Jeff Bezosyň başarnykly ýoly.
Öweý kakasy tarapyndan ýetişdirildi. 16 ýaşyna çenli kakasynyň fermasynda çopan boldy. Kiçi ýaşda gün energiýasy bilen işleýän robot ýasady. İnternetiň 2300% ösendigini görende ajaýyp işini taşlap öýüniň garažynda “Amazon”-yny döretdi. Günümizde 113 milliard dollarlyk baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamy.

  1. Ilkinji biznesine 11 ýaşyndaka başlan Warren Baffetiň üstünlikli ýoly.
    Ilkinji biznes işine heniz 11 ýaşyndaka başlady. 16 ýaşyna baranda 53 müň dollar gazandy. 2013-nji ýylda günde 37 million dollar gazandy. Häzirki wagtda telekeçiniň 90 milliard dollarlyk baýlygy bar.
  2.  Özbaşyna ylham çeşmesi bolan Steve Jobsuň durmuş ýoly.
    Bu sanawy düzübem, belki-de şu wagt bu ýazgyny okap bilmegimiz, biraz hem özüne bagly bolan adamy görmezden gelmek bolmazdy. Steve Jobsuň şahsy kompýuterleriň we akylly telefonlaryň bu güne gelmegindäki goşandy uludyr. Durmuşynyň her bir pursady üýtgeşik ylham çeşmesi bolan Steve Jobsy köpimiz tanaýandyrys. “Durmuş gysga, şonuň üçin wagtymyzy peýdaly işlere sarp etmeli” diýen Jobs, döredijiligi, tutanýerliligi we işe ukyplylygy bilen milliarder bolmagy başarandyr.
  3. Çagalygynda kükürt satan Ingvar Kampradyň üstünlige giden ýoly.
    2018-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda aradan çykan IKEA-nyň esaslandyryjysy Kamprad Şwesiýanyň bir obasynda dünýä indi. Garyp maşgalanyň çagasy bolan Ingvar Kamprad, 6 ýaşyndaka kükürt satyp maşgalasyna goldaw bermäge başlady. 10. ýaşynda bolsa gapy-gapy gezip täze ýyl bezeglerini satýardy.
    Kamprad okuwda kynçylyk çekse-de sapaklaryndan gowy baha almagy başarýardy. Kakasynyň okuwyndaky üstünligi üçin özüne beren puluny IKEA-ny gurmak üçin harçlan Kamprad, adamlaryň mebel we öý goşlaryna uly mätäçlik çekýändiklerini duýmagy başardy. Garşydaşlaryndan hem has amatly bahada satuw eden Kamprad, ýerli mebel kärhanalary tarapyndan boýkot hem edildi.
    Şol sebäpli hem satjak mebelleriniň öz taslamasy bolmagyny isledi we ýönekeý, arzan we döwrebap harytlar öndürmäge başlady. Bu gün dünýäde 370 sany IKEA dükanlary bar.
    Ingvar Kamprad aradan çykanynda 60 milliard dollara golaý baýlygyň eýesidi.
  4. Hytaýyň iň baýy we “Alibaba”-nyň esaslandyryjysy Jack Manyň başarnykly ýoly.
    Uniwersitetde 3 ýyl klasynda galdy. 30 işe ýüz tutup hemmesinden “Ýok” jogabyny aldy. KFC Hytaýa geleninde 24 adam arasyndan diňeje onuň ýüz tutmasy ret edildi. Garward uniwersitetine 10 gezek synanyşyp hemmesinde hem ýykyldy. Bu gün “Alibaba”-nyň esaslandyryjysy bolan Jack Ma 38 milliard dollarlyk baýlygy bilen Hytaýyň iň baý adamsydyr.Bu ylham beriji üstünlige giden ýollardan öwrenmeli zatlarymyz:
    Elbetde bu wakalar diňe bir keýpli okalmagy üçin aýdylanok. Her okaýana ylham bermegi, höweslendirmegi we adamlary işlerinde ýa-da şahsy durmuşlarynda başarnykly bolmaklary üçin ruhlandyrylmagyna garaşylýar.
    Bulardan özümize edinmeli iň uly sapaklarymyz:

    1. Ret edilmek sizi asla ruhdan düşürmeli däl!

    2. Başa barmazlyk hiç hem pikir edişimiz ýaly mesele däl.

    3. Sizden ýüz öwren adamlar siz hakda hiç zat bilenoklar.

    4. Durmuşda üstünlik gazanmagyň açary – özümize ynanmakdyr!

    Üstünlige ýetmek şansa bagly däldir. Ajaýyp pikiriňiz we özüňize ynamyňyz bolsa, ynha şonda üstünlige ýetmek diňe bir edilen arzuw bolup galmaz!

Jelilberdi NURBERDIÝEW,

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle