17/01/2021 5:16
Home DURMUŞ Ýubileý konserti

Ýubileý konserti

27-nji noýabrda sungat ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda nemes kompozitory Lýudwik Wan Bethoweniň 250-ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsertiň dowamynda Merdan Çaryýew, Emir Baýramgeldiýew, Maýa Gulaýewa, Bahar Durdyýewa, Kakageldi Hojageldiýew, Bahram Dolyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow,  Halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowa, Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Aýbölek Muhyýewa ýaly ussat sazandalar L. W. Bethoweniň döredijiliginden birnäçe ajaýyp aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler. Aýdym-sazly agşamyň ahyrynda ady agzalan ýokary okuw jaýynyň mugallymy Tahyr Ataýewyň ýolbaşçylygyndaky kirişli orkestriniň ýerine ýetirmeginde ussat kompozitor L. W. Bethowen tarapyndan ýazylan rus kwartetlerine degişli bolan Knýaz Razumowskä bagyşlanan Kwartet №9 3 we 4-nji bölümleri ýaňlandy. Konsertde ýaňlanan aýdym-sazlar uzak wagt dowam eden el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär. Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Lebapdaky söwda toplumlarynda uly özgertmeler geçiriler

Şu ýyl Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigi tarapyndan sebitiň etraplarynyň çäginde döwrebap dükanlaryň onusynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Bu barada Hökümetiň...

GDA agza ýurtlar: diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara derejesindäki ýokary okuw mekdepleriniň sanawy her ýyl taýýarlanýar. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet...

Kubok duşuşyklary: “Bawariýa” ýaryşdan çykdy, Poçettinonyň ilkinji kubogy  

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda kubok ýaryşlary geçirildi. Germaniýanyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşda garaşylmadyk netije bilen tamamlandy.
Okap bilersiňiz  Uçar ýolagçylary üçin täze düzgün
Ýewropanyň güýçli toparlaryndan hasaplanýan “Bawariýa” topary Germaniýanyň Kubogynyň 1/16...

Russiýanyň paýtagtynda türkmen restorany açyldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheriniň ýaşaýjylary we onuň myhmanlary Täze ýyl dynç alşynyň dowam edýän günlerinde golaýda Moskwa şäherinde açylan “Aşgabat” atly restoranda türkmen tagamlaryny...