No menu items!
8.9 C
Istanbul
02/06/2020 10:36
No menu items!
Home DURMUŞ Türkmenistan GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň onlaýn duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistan GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň onlaýn duşuşygyna gatnaşar

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly aragatnaşyk arkaly mejlisinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Şu ýylyň 29-njy maýynda GDA-nyň Hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde guramaçylyk we hyzmatdaşlygyň ykdysady, ulag, medeni, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlary boýunça birnäçe meselelere garamak meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama kabul edildi. Jarnamanyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanmak bilen, häzirki wagtda GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň taslamasyny işläp düzmek boýunça jemleýji işler geçirilýär.

Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň GDA-da Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy aýdyldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisinde garaljak resminamalaryň taslamalaryny gutarnykly ylalaşmak we beýleki guramaçylyk meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, 27-nji maýda göni wideoaragatnaşyk arkaly GDA-nyň ähli ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Iş duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan we Eýran serhetdäki gözegçilik nokatlaryny güýçlendirýärler

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu...

Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon sohbetdeşligi

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat...

Iň güýçli türgenleriň sanawy düzüldi

Garyşyk sungaty boýunça rus türgenleri Fýodor Ýemeliýanenko we Habib Nurmagomedow  bu sportuň iň beýik on wekiliniň hataryna girýär, diýip bellenilýär. Bu barada Amerikanyň CBS...

Ženewa awto sergisi yza süýşürildi

Ýer ýüzünde iň iri awto sergileriniň biri bolan Ženewa awto sergisi wagtlaýynça togtadyldy. 600 müň adamyny özünde jemleýän bu sergi dünýädäki käbir sebäplere görä...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Uolt Disney nädip başardy?

Bir köpük pulsuz, garyp adamdy. Adamlara kömek etmegi halaýardy. Çörek bölejiklerini berip, dost bolan syçanjyklary onuň durmuşyny nädip düýpgöter üýtgedip bildi? Uolt Disneý (Walt...

Türkmenistan we Owganystanyň daşary işler ministrleri onlaýn duşuşdylar

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşyk...

Kompaniýanyň ilkinji akylly sagady bolar

“Realme” kompaniýasy hindi alyjylaryna tehnologiýa bazarynda uly gyzyklanma döredýär.  Kompaniýa şeýle amatly mümkinçiliklere ruhlanyp ilkinji akylly sagadyny satuwa çykarmagy meýilleşdIrýär. Täze “Realme Watch” dünýä...

9 ýylda 7-njy kubogy

Awstriýanyň kubogyny gazanan “Zalsburg” topary 9 ýylda 7-nji kubogyny eýelemegi başardy. Ýurduň kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda “Zalsburg” topary bilen “Austriýa Lustenau” topary duşuşdy. Duşuşyk “Zalsburg”...