30/11/2020 6:40
Home DURMUŞ “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby ýapon dilinde

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby ýapon dilinde

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň ýapon dilinde çapdan çykan neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen bu çärä ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de daşary ýurtlaryň we milli habar beriş serişdeleriniň  žurnalistleri gatnaşdylar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan tanyşdyrylyş çäresinde hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby boýunça çykyşlar diňlenildi. Dabarany açan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G. Mezilow hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamynyň dünýä derejesine çykarylandygyny, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň giňden ýola goýlandygyny belledi. Ýaponiýanyň dünýä belli uniwersitetleri bilen ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.

 

TÜRKMENISTANDA ÝAPON DILINE GYZYKLANMA BARHA ARTÝAR

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden Ýaponiýanyň täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejelere çykandygyny belledi. Jenap ilçi Türkmenistanda ýapon diline gyzyklanma bildirýänleriň sanynyň yzygiderli artýandygyny, soňky ýyllarda olaryň sanynyň 7 müňe ýetendigini belledi. Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýurdumyza sapary döwründe ýapon dilini bilýänleriň sanynyň 50-ä barabar bolup, häzirki wagtda olaryň sanynyň ep-esli artmagynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy we ykdysady ugurlar bilen bir hatarda medeni we ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hem pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Okap bilersiňiz  Ertir - daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

ÝAPON PROFESSORLARYNDAN GYMMATLY ESERE ÝOKARY BAHA

Şeýle hem dabarada Ýaponiýanyň Sukuba, Tokio we beýleki abraýly uniwersitetleriniň professorlary hem wideoaragatnaşyk arkaly bu tanyşdyrylyş çäresine gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň ýapon dilinde neşir edilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejeliligini görkezmek bilen, bu eserdäki maglumatlar çeşmesiniň türkmen halkynyň medeniýeti we özboluşly gymmatlyklary hakynda giňişleýin öwrenmäge giň mümkinçilik berýändigini bellediler.

Okap bilersiňiz  Daşary ýurtlarda okaýan talyplarymyz üçin

Mundan başga-da, dabarada Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň kafedra müdiri dagy çykyş edip, ýurdumyzda beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda ýapon diliniň çuňlaşdyrylyp öwrenilmegi ugrundaky tagalla edilýändigini, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi, hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyran birnäçe ýokary derejedäki saparlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berendigini bellediler.

ÖZBOLUŞLY SERGI

Tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň milli mirasyny, gadymy däp-dessurlaryny hem-de Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplaryň gatnaşmagynda ylym-bilim ulgamyna degişli taslamalary açyp görkezýän sergi guralypdyr. Sergi daşary ýurtly myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Myhmanlar türkmen halkynyň milliligi hem-de uniwersitetiň talyplarynyň kämil tehnologiýalardan baş çykaryp, ýurdumyzda dermanlyk otlardan taýýarlan melhemleri, dürli himiki işleri barada giňişleýin maglumat almak mümkinçiligine eýe boldular.

Okap bilersiňiz  “Barselonanyň” 9000-nji goly

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby ýurdumyzyň baş baýramy – mukaddes Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda çapdan çykyp, türkmen halky üçin özboluşly sowgat bolupdy. 12 bapdan ybarat bolan bu kitap dünýä jemgyýetçiliginiň hem uly gyzyklanmasyna eýe boldy we ol hytaý diline hem terjime edildi.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Okap bilersiňiz  Siz, söýginiň dilini bilýäňizmi?

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Okap bilersiňiz  Täze Sanaw : Türkiýäniň Halkara Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary
Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. 1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini berer

Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna lukmançylyk enjamlary, azyk, dokma hem-de hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegini berer. Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň...

“Porsche Taycan” Ginnesiň rekordlar kitabynda

“Porsche” awtoulag kompaniýasynyň ilkinji elektrikli sport ulagy “Taycan” jemi uzynlygy 42 kilometre barabar bolan drift öwrümi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Şeýlelikde bu sport...

Türkmenistan bilen “Mir” teleradiokompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Mir» Döwletara teleradiokompaniýasynyň Başlygy R.Batyrşin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar maglumat alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň...

«Apple» aýdym-saz bäsleşiginniň ýeňijilerini sylaglady

“Apple” kompaniýasy 2020-nji ýyldaky “Apple Music Awards” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bu barada “RBC Style” kompaniýasynyň habarynda aýdylýar. Habara görä, «Ýylyň iň gowy artisti» ugry...