28/11/2020 19:02
Home DURMUŞ Türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlardan getirilmegi dowam edýär

Türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlardan getirilmegi dowam edýär

Türkmenistanyň Hökümeti ýiti öýken sowuklama keseli bilen baglanyşykly emele gelen çäklendirmeler sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlarymyz yzygiderli ýurdumyza getirilýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan, Hindistandan we beýleki ýurtlardan raýatlarymyzyň getirilendigini belläpdik.

Bu gezek hem Gazagystandaky, Gyrgyz  Respublikasyndaky, Özbegistandaky hem-de Gruziýadaky raýatlarymyzy getirmek üçin degişli işler geçirilýär. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, 2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Gazagystandaky 100 raýatymyz “Garabogaz” gözegçilik-geçiriş nokadyndan ýurdumyza gelerler. Olar şol ýerdäki meýdan gospitalynda 2 hepdelik karantin çäresine tabyn bolarlar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň 16 raýaty we Owganystanyň 2 raýaty “Özbegistan” awiakompaniýasynyň Bişkek-Daşkent uçary bilen Daşkende gelerler. Şol ýerdenem 2-nji noýabrda tükrmen-özbek serhedindäki  “Olot-Farap” gözegçilik-geçiriş nokadyna gelip, ýurdumyzyň çägine geçerler. Bu raýatlarymyz hem Lebap welaýatynda 14 gün karantinde bolarlar.

Bulardan başga-da, oktýabr-noýabr aýlarynda Gruziýadaky 50 türkmen raýaty Azerbaýjanyň üsti bilen Türkmenistana gelerler. Raýatlarymyzyň bu topary awtobus bilen Azerbaýjana gelip, şol ýerdenem Türkmenbaşy-Alýat-Türkmenbaşy paromy bilen ýurdumyza gelerler.

Gruziýadan geljek raýatlarymyz hem Türkmenbaşy şäherindäki ýöriteleşdirilen karantin merkezinde 14 gün galarlar.

Okap bilersiňiz  Ösümligi «tanaýan» programma

RUSSIÝA UÇAR GATNAWY

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi ýüz tutmasy bilen 25-nji oktýabrda “S7” awiakompaniýasy Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça gatnaw amala aşyrar.

Okap bilersiňiz  1.Hazar Ekonomik Forumu'nun medya toplantısı

Bu uçar bilen Moskwadan Türkmenabat şäherine Türkmenistanda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň işgärleri we olaryň maşgala agzalary gelerler. Yzyna bolsa, şol uçar bilen Türkmenistandan Russiýada gidip barýan raýatlar äkidiler.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Maradonanyň ýadygärligi gurlar

Argentinanyň Buenos-Aýres  şäheriniň merkezi halkara howa menzilini dolandyrýan “Aeropuertos Argentina 2000” kompaniýasy, howa menziliň çäginde ýakynda aradan dünýä belli futbolçy Diego Maradonanyň ýadygärligini gurmak...

“Square” 3 günde üç rekord goýdy

Amerikanyň “Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasyny 2009-njy ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny esaslandyran Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan döredildi. 2020-nji ýylda bu kompaniýanyň paýnamasy birden...

Döwürleýin neşirlere diňe pensionerler ýazylyp bilýärler

Kagyz görnüşindäki gazetleriň we žurnallaryň döwri kem-kemden geçmişe öwrülip barýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistandaky gazet-žurnallary abunaçylar elektron görnüşinde okap başlarlar.  Kagyz görnüşindäki gazet-žurnallara...

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  Söýgä solan güller
Giriş ýerine: Türkmenlerde “ataly-ogul” düşünje talantlylygy, pähim-paýhas ussatlygy bilen baglanyşykly soňky döwre degişli halkara derejesinde nusga görkezilip...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

21-nji asyryň iň beýik aktýory yglan edildi

“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň beýik 25 sany aktýoryň sanawyny yglan etdi. Sanawa diňe bir amerikaly aktýorlar däl, eýsem Ýewropadan, Hytaýdan...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Goşgular : Derwüş, Ýene, ýene, ýene Güýz we…

Derwüş  Ýyllar geçdi gitdi, ýaşyň goýaldy Ýok umydyň, näzik duýgular galdy Seniň gözleriňden syrygan gözýaş Ýöne möne däldi...   Ol syrly juda, hem derdiň seriňden aşypdy derwüş Dünýäň o çetinde men...

Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi.
Okap bilersiňiz  Avusturya’ya Kutlama
Forumyň barşynda Gazagystan Respublikasynyň daşary...