27/10/2020 13:49
Home DURMUŞ Türkiýede Nury Halmämmedowyň adyny göterýän agaç öý

Türkiýede Nury Halmämmedowyň adyny göterýän agaç öý

Görnükli  türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Türkiýäniň Bolu welaýatynyň Seben etrabyndaky Türk dünýäsi sungat şäherçesinde dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Ankara şäherindäki Ilçihanasynyň web saýtyna ýerleşdirilen habara görä, 2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda TÜRKSOÝ we Ilçihana tarapyndan Türkiýäniň Bolu welaýatynyň Seben etrabyndaky Türk dünýäsi sungat şäherçesinde görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaraly çäräniň geçirildi.

Bu çärä TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary D.Kaseinow, Seben etrabynyň häkimi Fatih Kawak, Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýew, agzalan häkimligiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Dabarada TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary D.Kaseinow, Türkmenistanyň Ilçisi I.Amanlyýew we Seben etrap häkimi Fatih Kawak çykyş etdiler. Ilçiniň çykyşynda Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynda halkymyzyň medeni mirasynyň ösdürilmegi we dünýä ýaýylmagy meselesine giň orun berilýändigi, bu çäräniň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän senesinde geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Dünýä derejesinde meşhur kompozitor N.Halmämmedowyň ömri we döredijiligi barada aýdyldy hem-de onuň türkmen saz sungatyna we dünýä medeniýetine uly goşandy barada bellenildi. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň sazandasy Rüstem Rahmedow Nury Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” sazyny çaldy. Soňra TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Dýusen Kaseinow R.Rahmedow bilen bilelikde meşhur kompozitoryň “Haýrana galar” saz eserini janlandyrdylar.

 

 

Çäreniň dowamynda Türk dünýäsi sungat şäherçesinde ýerleşýän we meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň adyny göterýän agaç öýüň öňüne gül desseleri goýuldy.

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris. Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary...

Türkmenistan FIFA-nyň täze sanawynda näçenji orunda?

FIFA futbol boýunça milli ýygyndylaryň reýting-sanawyny täzeledi. Täze sanawda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky orny üýtgemedi. FIFA-nyň hünärmenleri türkemn futbolçylaryna 1107 utuk berdiler. Bu netije bilen...

Gyz bilen oglanyň arasyndaky duşuşyk hakda

Hytaý döwletiniň Çžesýan obasynda ýaşaýan 29 ýaşly Lýu atly oglanyň duşuşygy şowsuz tamamlandy. Ejesi oglunyň henizem özüne gyz dost tapyp bilmeýändigi üçin ogly bilen...

Türkmenistanda azyk önümleri önümçiligi ösdürilýär: 138 ýyladyşhana guruldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Oba hojalyk toplumyny...