8.9 C
Istanbul
04/07/2020 17:30
Home DURMUŞ Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

1

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok,

Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge.

Umydymy baýdak edip gezsemde,

Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

 

Ýetilmedik menzillerde azaşyp,

Bir öýjagaz dikdim arşyň töründen.

Soňky günler üzüp ýerden aýagym,

Aýy ýassyk edip ýatyp ýörün men.

 

2

Kaka, pikrim ýaly perişan günleň,

Del duýgusy jepa berýär her deme.

On üçünji synasy deý süňňümiň,

Aladalar labyr atdy gerdene.

 

Gijelerne öz-özümden ýadyrgap,

Ýaka ýyrtyp gitsem diýýän bir ýere.

Ak şäherde efganyma çöl içre,

Hydyr duşsa ähli arzym diýere.

 

Gömülipdir görejimde gözýaşym,

Tukat didelerme bolmansoň lazym.

Ganat-perden jyda düşen guw ýaly,

Gam içinde gark bolupdyr yhlasym

 

3

Kaka, öwütlerňe ömrüm adaglap,

Düşmen, bagta barýan hyýal atymdan.

Ýöne, Ejizlik her näçe aýybam bolsa,

Gorkýan, çemeçilleň hyýanatyndan.

 

Syrly gep-gürrüňler sabrym tükedip,

Ýekirlen ýüzlüler gözlände kemim,

Daşymda galkan deý goragym bolan:

Gyşda doglan dostlarymdan razy men

4

Kaka, juwanlykda düşündim magat,

Bagtly güne ýeter eken ýaş aýan.

Indi müň gün bäri ene şäherde,

Hasyl bolan arzuw bolup ýaşaýan.

 

Golaýlaşýar ýaşymyzyň arasy,

Düýnüm galdy alyslarda azaşyp.

Ömürhanaň bir ornuny boş goýup,

Uçaňdan soň durnalara garyşyp

Ýerde ýalňyzlygyň heýkeli ýaly,

Kirpi saç baglar deý dymyp galdym men.

Dutaryň kirşi dek inçejik ýolda,

Soňky gözýaş bolup damyp galdym men…

“Durmuşda her bir işde öz daňan

ýüpüňi özüň  çözmäni başarjak bol!”

Kakamyň öwütlerinden

Muhammet BEKGIÝEW

“Türkmenistan” gazeti.

 

Previous articleKitap
Next articleGüýz gülleri

IŇ TÄZE HABARLAR

AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Türkmen milli saz gurallary. Kirişli saz gurallary. Üflenip we kakylyp...

MARY WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Buhgalterçilik hasaba alnyşy. Maliýe we karz. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. ...

AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Myhmanhana hyzmatlary. Syýahatçylyk hyzmatlary. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (syýahatçylyk pudagynda). Jemgyýetçilik...

«TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY» AGENTLIGINIŇ TÜRKMENBAŞY ŞÄHERINDÄKI DEŇIZÇILIK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Gämi sürüjilik. Gämi gurluşygy. Gämi energetiki gurluşlaryny ulanmak. Ykdysadyýet...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ýewropa Birleşiginiň başlyklygy Germaniýa geçdi

Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine başlyklyk etmek iýul aýynyň başyndan Horwatiýadan Germaniýa geçdi. Bu möhlet alty aý dowam eder we 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Portugaliýa döwletine...

Täze elektron neşiri döredildi

Häzir ýurdumyzda ençeme gazetdir žurnal neşir edilýär. Olar arkaly ýurdumyzda bolup geçýän möhüm wakalar, täzelikler bilen tanyş bolýarys. Dürli mowzukdaky makalalar milli mirasymyz, medeni...

DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY

2020/2021-nji okuw ýyly üçin Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti taýýarlygyň ugry boýunça magistratura kabul edýändigini yglan edýär: Magistraturada okuwlar tölegli esasda, iňlis dilinde alnyp barylýar. Magistratura...

Dünýäniň iň baý adamynyň baýlygy artdy

«Amazon» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezosyň emlägi 171,6 milliard dollara deň boldy. Dünýäniň iň baý adamynyň emlägi ýokarlandy. Bu barada “Bloomberg” neşiri habar berýär. Şeýlelikde bir...