Häzirki wagtda döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler dowam edýär. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, telekeçiligi goldamak we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek hem-de türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlenilýändigi bellenildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde bellenilip geçildi.
Milli parlamentiň deputatlary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny taýýarlamaga uly üns berýärler.
Ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen birlikde, Türkmenistanyň Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipler işlenip taýýarlanylýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesine bellenilen saýlawlaryna taýýarlyk işlerine badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, iş meýilnamasy tassyklanylyp, oňa laýyklykda, Merkezi saýlaw topary welaýat saýlaw toparlary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, saýlawlary guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk işlerini alyp barýarlar.
Mejlisiň deputatlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň kanunçykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşyny döretmek hakynda çözgütleriniň ähmiýetini hem-de “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini, öňde duran wezipeleri ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirýärler.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň öňde boljak saýlawlarynyň ýokary guramaçylygynyň möhümdigi barada aýdyp, deputatlaryň ýerlerde wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barmagynyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz saýlaw möwsüminiň türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini, Diýarymyzyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny görkezmelidigini aýdyp, bu wajyp meselä Mejlisiň Başlygynyň hem-de häkimleriň ünsüni çekdi.
Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!