17/01/2021 4:09
Home DURMUŞ Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine we guramaçylyk düzümine täze usullar we döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bular barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Sanly tehnologiýany işjeňleşdirmegiň çäklerinde döredijilik we önümçilik düzümleriniň arasynda içerki ulgam hereket edýär. Gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tehniki önümçilik bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe gazetleriň we žurnallaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ýeten derejesini, içerki we daşarky syýasatyny giňden wagyz etmek, taryhy ähmiýetli wakalary beýan etmegiň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde durýan wajyp wezipelerdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwürleýin elekron görnüşe we internet ulgama geçirmek, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň baş maksady neşirleri häzirki zaman ölçegleriniň derejesine çykarmakdan ybaratdyr.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan-ABD İş Konseyi Aşkabat’ta toplandı

Milli Liderimiz dünýäniň ösen tejribesiniň öwrenmegiň we özleşdirmegiň, täze mediýa tehnologiýalary işjeň ulanmagyň, bilelikdäki maglumat taslamalaryny taýýarlamagyň, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Okap bilersiňiz  Käbir awtobuslaryň gatnaw ugry üýtgeýär

Döwlet Baştutanymyz gazetleriň we žurnallaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen hödürlenen teklipleri makullap, elektron ulgama geçmek işini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

 

Bulary hem okaň

Täze Media-Tehnologiýalar: Gazet-žurnallary elektron görnüşine geçirmek

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär. Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

«Yhlas bilen aglasaň…»

«...sokur gözden ýaş çykýandygyny» bir angliýaly ýene bir ýola subut etdi. Has takygy, ol sürüjilik şahadatnamasy üçin synaglara 157 gezek girip, 158-nji synagy üstünlikli...

Üzüm we üzümçilik barada…

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda hem dünýä tejribesini ornaşdyrmak, onuň ylmy-önümçilik binýadyny hasda berkitmek babatynda, yzygiderli we toplumlaýyn işler...

Türkmenistan Hindistany Maýa goýum Gaznasyna gatnaşmaga çagyrdy

Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.
Okap bilersiňiz  30 ýyldan soň ekrana gaýdyp gelýär
Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary...

Bill Geýtsiň täze maksatnamasy

“Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan Bill Geýts täze maksatnamasynyň üstünde işleýär. Onuň esaslandyran maýa goýum kompaniýalarynyň biri awiasiýa kompaniýasyny...