No menu items!
8.9 C
Istanbul
02/06/2020 9:50
No menu items!
Home DURMUŞ Merjen şäher Aşgabadyň rekordlary

Merjen şäher Aşgabadyň rekordlary

Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde 2017-nji ýylyň awgust aýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu taryhy waka tutuş dünýäde dal bedewlerimiziň sarpasynyň belentdiginden aýdyň nyşan boldy. Geçirilen ölçeglere görä, bu bedewiň çeper şekiliniň beýikligi 40,05 metr, uzynlygy 37,69 metr, ini bolsa 40,24 metrdir.

***

2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada gurlan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň belent sütüni «Dünýäniň iň beýik flagştogy» diýlip Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Agramy 420 kilograma, ini 52,5 metre we boýy 35 metre barabar ýaşyl Tugumyz 133 metr belentlikde parlaýar.

***

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabatda Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany öz içine alýar. Häzirki zaman howa menzili sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde, «Iň uly göl» diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy üçin Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi.

***

2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ulanylmaga berlen, beýikligi 211 metre bara­bar bo­lan mi­na­ra — «Türk­me­nistan» teleradioýaýlymlar merkezi «Dünýäniň arhitektura tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy» diýen at bilen dünýä rekordlarynyň sanawyna goşuldy. Bu ýerde adamlaryň zähmet çekmegi üçin döwrebap şertler döredilip, ajaýyp arhitektura eseri ylhamyň, döredijiligiň ýyldyzy bolup ýalkym saçýar.

***

Paýtagtymyz Aşgabat dünýäde ak mermere beslenen şäher hökmünde, ýagny 22 inedördül kilometr meýdanda ak mermer bilen örtülen we umumy meýdany 4,5 million inedördül metre barabar bolan täze binalaryň 543-siniň ýerleşýändigi, her 4,87 inedördül metre mermeriň 1 inedördül metriniň düşýändigi sebäpli 2013-nji ýylyň maý aýynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

***

2012-nji ýylyň 18-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen «Älem» medeni-dynç alyş merkezi hem Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu binanyň umumy beýikligi 95 metre deň bolup, ol ýapyk görnüşli synlamak üçin niýetlenen, daşky aýlawy 57 metre ýetýän häzirki güne çenli dünýäde iň uly hiňňildikdir

***

2017-nji ýylda dünýäniň iň soňky gazanan tehnologiýalary bilen üpjün edilen, ähli amatlyklary bolan Olimpiýa suw sport toplumy ekologiýa taýdan arassa materiallary bilen tapawutlanyp, Sportuň suw görnüşleri merkezi dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzüş suw howzy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Boýdan-başa mawy reňke beslenen bu binanyň kaşaňlygy halkara ýaryşlaryň islendigini kabul etmäge mümkinçilik berýändigine dolulygyna güwä geçýär. Bina 4 gatdan ybarat bolup, umumy ölçegi boýunça 155,35×112,90×34,5 metre barabardyr. Mundan başga-da, tomaşaçylar üçin 4899, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin 66, metbugat wekilleri üçin 69 we Vip üçin 15, jemi 5049 orunlyk ýerler bar.

***

2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp desgalaryň biri Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan şaýoluň çatrygynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Ol Oguz hanyň we onuň ogullarynyň heýkelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumydyr. Bu abraýly sanawa paýtagtymyz «Köpçülik ýerinde iň köp suw çüwdürimlerini özünde jemleýän suw çüwdürim toplumly şäher» hökmünde goşuldy. Oguz hanyň we onuň ogullarynyň bürünç heýkelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumy suw çüwdürimleriniň has kö­pü­si­ni — 27-si­ni özünde jemleýär

IŇ TÄZE HABARLAR

Iň güýçli türgenleriň sanawy düzüldi

Garyşyk sungaty boýunça rus türgenleri Fýodor Ýemeliýanenko we Habib Nurmagomedow  bu sportuň iň beýik on wekiliniň hataryna girýär, diýip bellenilýär. Bu barada Amerikanyň CBS...

Ženewa awto sergisi yza süýşürildi

Ýer ýüzünde iň iri awto sergileriniň biri bolan Ženewa awto sergisi wagtlaýynça togtadyldy. 600 müň adamyny özünde jemleýän bu sergi dünýädäki käbir sebäplere görä...

“Mi Band 5” bilezigi

Müşderilerini innowasiýa we elýeterli tehnologik enjamlar bilen üpjün etmek ugrunda tagalla edýän Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy 11-nji iýunda meşhur akylly bileziginiň “Mi Bandynyň” täze agzasy...

Dünýäde 5G ulgamly iň arzan smartfon

Ýakynda Hytaýyň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “ZTE” kompaniýasy dünýäde iň arzan 5G ulgamy birikdirilen smartfonyny satuwa çykardy. ABŞ-nyň 280 dollaryna barabar bolan “ZTE”...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Satlyk güjüjekler

Dükanyň eýesi gapynyň ýüzüne uly harplar bilen ,,SATLYK GÜJÜJEKLER’’ diýen ýazgyny ýemläpdi. Elbetde, bu ýazgyny esasan körpeleriň ünsüni özüne çekmek üçin dürli bezegler bilen...

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Türkmenistanda ygtyýarlandyrmak işi kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Hormatly Prezidentimiz,...

Fransiýa :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

“The Times Higher Education World University Rankings – 2020” sanawyna giren ýokary okuw jaýlarynyň atlaryny aýry-aýry ýurtlar boýunça Size ýetirmäne dowam edýäris. Öň www.atavatan-turkmenistan.com   ...