TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

«Dur, bakaly!» gaýdyp gelýär

Çagalygymyzyň iň söýgüli multfilmleriniň biri bolan «Dur, bakaly!» multfilmi täze bölümleri bilen ýene «mawy ekranlara» çykyp biler. Köp sanly islegleri nazarda tutup, Russiýanyň «Soýuzmultfilm» birleşigi bu işe girişmegi maksat edindi.

Ýöne ilkinji ädim meşhur möjekdir towşanyň häzirki zaman şekili tassyklamakdan başlanýar. Hatda «Soýuzmultfilm» 30-dan gowrak görnüşiň arasyndan baş gahrymanlaryň täze şekillerini tassyklady.

Täzelenen multfilmde towşana Dmitriý Hrustalýow, möjege bolsa Garik Harlamow ses berer. Birleşigiň ýolbaşçylary baş gahrymanlaryň ozalky häsiýetlerini we keşbini saklap galmagy esasy maksat edinýärler. Şonuň üçin hem olar möjekdir towşanyň gözleriniň reňkine çenli üns berdiler.

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny alan raýatlarymyz

Dünýäniň iň uzyn kitaby çap edildi

Teswirle