TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dünýäniň iň uzyn ýyldyrymy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy dünýäde iň uzyn ýyldyrymyň 709 kilometre ýetendigini habar berdi. Täze emeli hemra ýyldyrym şekillendiriş tehnologiýasy arkaly geçirilen ölçeglere görä, Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy dünýädäki iň uzyn ýyldyrymyň 2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Braziliýada hasaba alnandygyny we keseligine 709 kilometre ýetendigini mälim etdi. Beýanatda 2019-njy ýylyň 4-nji martynda Argentinada ýyldyrym çakmagynyň 16,73 sekunt dowam edendigi aýdylýar.

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy bilermenler komitetiniň baş habarçysy Randall  Serweni “Täze ölçegler ýyldyrymda täze ýazgylary ýüze çykardy. Ýyldyrym ýazgy tehnologiýasy kämilleşdigiçe has köp san alarys” diýip pikir edýärin — diýip, aýdýar.

Ýene-de okaň

Üçtaraplaýyn gaz bileleşigini döretmekçi

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Teswirle