TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Dünýäniň iň uzyn pyýada asma köprüsi açyldy

Portugaliýanyň demirgazygyndaky Aroka şäheriniň golaýynda dünýäniň iň uzyn pyýada asma köpri guruldy. Uzynlygy 516 metr, ini 1,2 metr diýip, “Reuters” habarlar gullugy habar berýär.

Bu köpri kanýonyň 175 metr ýokarsynda, düýbünde Paýwa derýasynyň akýan ýerinde ýerleşýär. Täze syýahatçylyk merkeziniň gurluşygy 2,3 million ýewro boldy we takmynan iki ýyl dowam etdi. Ol metaldan ýasalyp, ulularyň döşüniň derejesine çenli polat germewler goýuldy we galyň ýüpler bilen ygtybarly berkidildi.

Häzirki wagtda bu köprüden ilkinji pyýadalar geçdi. Olar hem ýerli ýaşaýjylar boldy. Köprüniň resmi açylyş dabarasy ýekşenbe güni bolar.

 

Dünýäniň iň agyr mangosy ýetişdirildi

Ýene-de okaň

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi indiki hepde geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly harby adynyň nyşany gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Ata Watan Eserleri

Teswirle