TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Dünýäniň iň uzyn kitaby çap edildi

Dünýäniň iň köp sahypalyk kitaby bir jiltde çap edildi. “One Piece” (Bir bölek) atly kitap 21 müň 450 sahypadam ybaratdyr.

50 sany çäklendirilen görnüşde çap edilen bu kitap 7-nji sentýabrda bazara çykarylypdyr we gysga wagtda satylyp gutarlypdyr.

Eiiçiro Oda tarapyndan ýazylan bu kitap 1997-nji ýyldan bäri hep hepde çap edilip gelnipdir.  Häzirki wagtda çenli bu kitabyň 416 milliondan göwrak göçürmesi çap edilip, bu babatda ýeke-täk bir awtora degişli suratly roman eseri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda hem orun alypdyr.

47 ýaşyndaky ýazyjynyň 200 million dollara barabar baýlygynyň bardygy bellenilýär. Fransiýanyň metbugat öýünde çap edilen kitap uly gyzyklanma döretdi.

 

Ýene-de okaň

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Teswirle