TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Dünýäniň iň uly suw ösümligi

Dünýäniň iň uly suw ösümligi – wiktoriýa amazonkadyr. Ol dünýäniň iň uly kuwşinka (tegelek ýaprakly, ullakan ak gülli suw ösümligi) güli bolup, iň meşhur oranjereýa ösümligidir. Ol Gaýananyň milli güli hasaplanyp, ýurduň döwlet tugrasynda öz mynasyp ornuny alypdyr.

Bu ösümligiň üsti, baryp 1832-nji ýylda açyldy. Onuň üstüniň açylmagy Germaniýaly tebigat hadysalaryny derňeýji Eduard Pepiga Amazonka derýasy boýunça Peru we Braziliýa babatda amala aşyran syýahaty bilen baglanyşyklydyr. Günorta Amerikanyň iň meşhur ösümligi 1832-nji ýylyň ýanwarynda dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyryldy.

1832-nji ýylyň noýabrynda “Tebigy ylym we lukmançylyk pudagyndaky bellikler” atly nemes žurnalynda ilkinji gezek bu ösümlik dolulygyna beýan edildi.

Wiktoriýa amazonka ösümligi Amazonka derýasynyň Braziliýanyň we Boliwiýanyň basseýninde. şeýle hem Karib deňzine guýýan Gaýana derýasynda duş gelinýär.

Bu ösümligiň ýapraklarynyň diametri 2 metrden gowrak bolup, 50 kilogram agramdaky adamy götermek mümkinçiligine eýedir.

Kuwşinka ýylyň dowamynda bir gezek gülleýär we bu hadysa 2-3 gün dowam edýär. Wiktoriýa amazonkanyň gülleri hoşboý ysly bolup, onuň bir gezekde diňe biri açýar.

Wiktoriýa amazonka ösümliginiň üsti açylandna soňra ony ösdürip ýetişdirmek babatda giň gerimli işler alnyp baryldy, ýöne ony ösdürip ýetişdirmek başa barmady. Diňe 1849-njy ýylda Wiktoriýa amazonka ösümligi Angliýanyň Kýu-gardens botanika bagynda ilkinji gezek gül açdy.

Wiktoriýa amazonka ösümligi 1 metr çuňlukda suwda ýagty Gün şöhlesinde gowy ösýär. Suw basseýni näçe çuň bolsa, ösümligiň ýapraklary şonça-da uly bolýar.

Aýna Kadyrowa,
S.A.Nýyazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

ÝTÖB Derweze kraterindäki ýanýan gazy söndürmäge goldaw bermekçi

Ýene-de okaň

Türkmenistan dörediji döwletdir

Sahnalarda nusgawy eserler

Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Ata Watan Eserleri

Teswirle