TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Dünýäniň iň uly erkin söwda zolagy döredildi

Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň birleşiginiň ýurtlarynyň (ASEAN) mejlisi Wýetnamyň Hanoý şäherinde geçirildi. Oňa dünýäniň birnäçe ýurdunyň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Şol sammitiň çäklerinde, Günorta-Gündogar Aziýa Assosiasiýasynyň düzümine görýän 10 ýurduň, şeýle hem Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň arasynda sebit ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi.

Şeýlelikde dünýäniň iň uly erkin söwda zolagy döredildi. Bu ylalaşygyň gazanylmagyny BMG-niň Baş Sekretary Antonio Guterreş hem ýokary baha berdi. Bu resminama, takmynan 2,2 milliard dollar bilen dünýäniň iň uly erkin söwda zolagyny döreder.

Erkin ykdysady zolagyň döredilen sebitinde takmynan 2 milliard 200 million adam ýaşaýar. Ýurtlaryň jemi ieçerki önüminiň bahasy 28 trillion dollara deňdir. Ol hem dünýäniň umumy içerki önüminiň 32 göterime deňdir.

Ylalaşyga gatnaşýan taraplaryň pikirine görä, olar henizem Hindistanyň olara goşulmagyna garaşýarlar.

Hünärmenleriň bellemegine görä, 2050-nji ýyla çenli sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşan ýurtlaryň jemi içerki önümi 100 trillion dollara çenli artyp biler.

Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň birleşigi 1967-nji ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda Günorta-Gündogar Aziýanyň ähli ýurtlaryny birleşdirýär: Bruneý, Wýetnam, Indoneziýa, Kamboja, Laos, Malaýziýa, Mýanma, Singapur, Taýland we Filippinler.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle