TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň uly drony görkezildi

Sergide Amerikanyň “Aevum” kompaniýasy tarapyndan döredilen dünýäniň iň uly dron enjamy görkezildi. “Engadget” tehnologiýa täzelikleri we synlar üçin özboluşly blogynyň habar bermegine görä, “Ravn X” atly dron enjamy, emeli hemralary planetamyzyň daşyndaky orbita ibermek üçin ulanylar.

Doly özbaşdak işleýän uçarmansyz dron enjam, uzynlygy 1,6 km bolan uçuş-gonuş zolaklaryndan uçýar we özbaşdak gonup hem bilýär. Kompaniýanyň beýanatynda, “Ravn X” atly dron enjamy uzynlygy 24 metre, onuň ganatlary bolsa 18 metre barabar bolup, bu enjamyň dürli howa şertlerinde uçmaga mümkinçiligi bardyr.

“Aevum” kompaniýasynyň agzalýan bu dron enjamy üçin eýýäm 1 milliard dollarlyk şertnama gol çekendigi barada habar berilýär.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle