DÜNÝÄ

Dünýäniň iň kiçi ýurdunyň Prezidentiniň iň köp ilatly ýurda döwlet sapary

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dünýäniň iň kiçi döwleti bolan Nauru Respublikasynyň Prezidenti Dewid Adeang 24-29-njy mart aralygynda Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrýar. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrlliginiň resmi wekili Hua Çunin habar berdi.

Nauru Respublikasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda şu ýylyň ýanwar aýynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Şonuň yzysüre bu ýurduň Prezidenti özüniň ilkinji döwlet saparyny amala aşyrýar.

Bu sapar iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklara, şol sanda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berer.

Nauru Ýer ýüzündäki iň kiçi garaşsyz respublikadyr, iň kiçi ada döwletidir. Bu ada döwletinde 11 065 adam ýaşaýar.

Nauru Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparyny amala aşyrýan Hytaý döwleti bolsa, dünýäniň iň köp ilatly döwletidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde USAID-yň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Wengriýada ahalteke atlarynyň görkezme çykyşlary geçirildi

ABŞ-nyň Türkmenistana bellenen ilçisi Elizabet Rud kasam kabul etdi

Donald Tramp resmi taýdan prezidentlige dalaşgär görkezildi

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi