TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dünýäniň iň kiçi küşt tagtasy

Türkiýäniň Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabynda ýaşaýan kiçi eserleri döredýän suratkeş Nejati Korkmaz dünýäniň iň kiçi küşt tagtasyny ýasady. 9 millimetrlik mikro işini 5 aýyň içinde tamamlan Korkmaz, mikro eseri adaty ululykdaky küşt toplumyna meňzeş aýratynlyklary bilen bellige almak üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna ýüz tutar.

Korkmaz 9 millimetrlik eserini ýanwar aýynda ýasap başlady. Adaty küşt tagtasy bilen birmeňzeş aýratynlyklara eýe bolan bu nepis iş Korkmaz tarapyndan takmynan 5 aýyň içinde tamamlandy. Kiçijik küşt tagtasynda küşt mallarynyň esasylarynyň ýerleşmegi üçin 32 bölek ýer bar. Berilen maglumatlara görä, bu küşt tagtasynda mikroskopda görüp bolýan küşt toplumyny ýörite taýaklar bilen oýnap bolýar. Korkmaz eseriň dünýäde goýlan iň kiçijik küştdigini tassyklamak üçin ýakyn günlerde “Ginnesiň rekordlar kitabyna” ýüz tutar.

Dünýäde şu wagta çenli öndürilen we Ginnesde hasaba alnan iň kiçijik küşt tagtasynyň 15 millimetr ululykdadygyny bellän Nejati Korkmaz: “Meniň işim munuň ýarysyna golaý — diýip, belläp geçýär.

Ýene-de okaň

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Teswirle