TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Dünýäniň iň iri sarp ediş harytlarynyň halkara sergisi

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda dünýäniň iň iri sarp ediş harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Oňa dünýäniň 61 döwletinden 700-den gowrak kärhana hem-de 1600 brend gatnaşýar.

26-30-njy iýul aralygynda geçirilýän bu halkara sergi Haýkou şäherinde guralýar. Şeýle hem sergä 1200-den gowrak ýerli brendler hem gatnaşdyrylýar.

Sergi meýdançasynyň meýdany geçen ýyldaky 80 müň inedördül metrden 100 müň inedördül metre çenli artdyryldy. Serginiň halkara meýdançasy umumy sergi meýdançasynyň 80 göterimini eýeleýär.

Serginiň hormatly myhman ýurdy hasaplanýan Fransiýadan 50-a ýakyn kärhana we 250 brend gatnaşýar.

Guramaçylyk komitetiniň berýän maglumatyna görä, sergide 200 brendiň 600-e golaý täze önümi görkezilýär.

Hytaýyň Söwda ministrligi bilen Hainan welaýatynyň häkimliginiň berýän maglumatyna görä, serginiň 40 müňden gowrak satyn alyjyny we tomaşaçyny özüne çekmegine garaşylýar.

 

Dzýudo boýunça Aziýa çempionaty Gazagystanda geçiriler

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Teswirle