TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Dünýäniň iň gymmat şäherleri

Dünýäniň iň gymmat şäheriniň sanawynda Ysraýylyň Tel-Awiw şäheri Fransiýanyň Pariž hem-de Singapurdan öňe saýlandy. Bu babatda “The Economist” halkara hepdelik gazetiniň maglumatlarynda beýan edilýär.

Neşiriň habar bermegine görä, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, Tel-Awiw şäheri 5-nji orundan birinji orna çykdy. Koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan kynçylyklar we çäklendirmeler tutuş dünýäniň önümçiligine hem-de söwdasy öz ýaramaz täsirini ýetirdi. Şonuň netijesinde hem, dürli hyzmatlar we beýleki ugurlardaky bahalar ýokarlandy.

“Economist Intelligence Unit” barlag we seljeriş kompaniýasynyň taýýarlan durmuş gymmatlylygy babatdaky sanawyna görä, Ysraýylyň Tel-Awiw şäheri birinji orna çykdy. Bu sanawda 173 şäheriň sarp ediş bazarynyň bahalary seljerildi. Onda 200-den gowrak önüm we hyzmatlar boýunça düýpli seljermeler amala aşyryldy.

2021-nji ýylda dünýäniň iň gymmat şäherleri
1. Tel-Awiw, Ysraýyl
2. Pariž, Fransiýa
2. Singapur
4. Sýurih, Şweýsariýa
5. Gonkong, Hytaý
6. Nýu-Ýork, ABŞ
7. Ženewa, Şweýsariýa
8. Kopengagen, Daniýa
9. Los-Anjeles, ABŞ
10. Osaka, Ýaponiýa

 

Dünýäniň nobatdaky küşt çempiony kim bolar?

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Teswirle