TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dünýäniň iň gymmat markalary

“Brand Finans” atly halkara markasyna baha beriş guramasy tarapyndan taýýarlanan “Dünýäniň iň gymmat 500 markasy-Global 500-2021” gözleg işlerini tamamlady. Gözleg işleriniň jemi boýunça “Apple” kompaniýasy 263,4 milliard dollar bilen dünýäde iň gymmatly marka hökmünde saýlandy. 2020-nji ýylda bolsa birinji orny “Amazon” kompaniýasy eýeläpdir. Geçen ýyl “Apple” kompaniýasy bolsa 141 milliard dollar bahasy bilen üçünji oruny eýeläpdi. Bu sanawyň aşakdaky orunlary eýeleýän kompaniýalaryň bahasy 4 milliard dollar barabar bolupdyr. Gözlegleriň netijelerine görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlary sanawda beýleki ýurtlardan ep-esli öňe saýlanmagy başardy. “Global 500-2021 gymmat markalarynyň” sanawyna 204 sany ABŞ-nyň kompaniýalary, 75 sany hytaýly kompaniýalar, 34 sany ýapon kompaniýalar, 33 sany fransuz, 22 sany nemes we 19 sany iňlis kompaniýalar girdiler.

Biz bolsa okyjylarymyza dünýäniň iň gymmat 10 markasyny tanyşdyrmagy makul bildik:

  1. “Apple” – marka bahasy 263.375 million dollar
  2. “Amazon” – 254.188 million dollar
  3.  “Google” – 191.215 million dollar
  4.  “Microsoft” – 140.435 million dollar
  5. “Samsung” – 102.623 million dollar
  6. “Walmart” (Bölekleýin satuw kompaniýasy) – 93.185 million dollar
  7.  “Facebook” – 81.476 million dollar
  8.  “ICBC” (Hytaýyň senagatçylar we täjirçilik banky) – 72.788 million dollar
  9.  “Verizon”(Telekommunikasiýa kompaniýasy) – 68.889 million dollar
  10.  “WeChat” (Sesli we tekst görnüşinde habar alyşmak programmasy) – 67.902 million dollar

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

 

Ýene-de okaň

Ronaldo we Dibala Türkiýä öz kömek goluny uzatdy

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Teswirle