1794-nji ýylda çykarylan hem-de ABŞ-nyň zikgehanasynda zikgelenen seýrek duş gelýän kümüş şaýy dollar söwda-satuwyna çykaryldy. Bu teňňe iň soňky gezek 2013-nji ýylda auksiona çykaryldy we 10 million dollara satyldy we dünýäde gymmaty boýunça dünýä rekordyny goýdy.
“Erkin saçlar” diýilýän kümüş teňňe, gapdalynda erkinligi alamatlandyrýan aýalyň portreti bolup, 1794-nji ýylyň oktýabr aýynda dolanyşyga girizildi. Ilkinji teňňeler halk köpçüligi üçin niýetlenmedi, zikgehananyň müdiri Dewid Rittenhausa ýokary derejeli adamlara sowgat bermek üçin berlipdi.
– Bu teňňe arzuw. Ol bahasyna ýetip bolmajak sungat eseri. Indi zikgelenmeýändigi üçin gaty gynanýaryn – diýip, bu şaýy dollaryň eýesi Brýus Morelan gürrüň berdi.
Morelan bu kümüş şaýy dollary bilen birlikde auksiona umumy bahasy 20 million dollar töweregi taryhy teňňeler ýygyndysyny goýdy.