TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Dünýäniň iň güýçli 20 tennisçisiniň 7-si Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaz

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmazlygy makul bilen öňdebaryjy tennisçileriň sanawy gitdigiçe uzalýar.

Şeýlelikde, dünýäniň iň güýçli 20 tennisçisiniň sanawyna girýänlerden 7 tennisçi «Günüň dogýan ýurdundaky» Oýunlara gatnaşmaz. Has takygy, Olimpiýa medalyna synanyşykdan ýüz öwrenleriniň hataryna dünýäniň ýedinji raketkasy Kristian Garin hem goşuldy.

Mundan ozal Rafael Nadal (dünýäniň üçünji raketkasy), Dominik Tim (5), Roberto Bautista-Agut (10), Denis Şapowalow (14), Kasper Ruud (14) we Gael Monfis (16) dagylar hem Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmajakdygyny yglan edipdiler.

Ýeri gelende aýtsak, Olimpiýa oýunlarynyň tennis ýaryşlary 24-nji iýul ― 1-nji awgust aralygynda geçiriler.

Türkiýede çäklendirmeler gowşadylýar

 

 

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle