DÜNÝÄ

Dünýäniň iň garry erkegi Jon Tinniswud boldy

Dünýäniň iň garry erkegi derejesine 111 ýaşyndaky Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Jon Tinniswud eýe boldy. Ol bu derejäni We­ne­sue­la­da ýa­şa­ýan dün­ýä­niň iň gar­ry er­ke­gi hökmünde kabul edilen Hu­an Wi­sent Pe­res Mo­ranyň 114 ýa­şyn­da ara­dan çykmagy bilen eýelemegi başardy. 

Britan raýaty 1912-nji ýylda dünýä indi. Tinniswud tutuş ömrüne nebitgaz kompaniýasynda buhgalter bolup işledi we 1972-nji ýylda resmi taýdan pensiýa çykdy.

Britan raýatynyň bellemegine görä, onuň uzak ýaşamagynyň syry balyk we gowrulan kartoşkadan taýýarlanan tagam bolandygyny belleýär. Ol bu tagamy her hepdäniň anna güni iýipdir. Şeýle hem Tinniswud işjeň durmuş ýörelgesine ygrarly bolupdyr, hereketde bolmagy, tutuş günüň dowamynda stoluň başynda oturmagyň gowy däldigini belleýär.

Tinniswud birnäçe gezek şa zenany Ýelizaweta II bilen duşuşypdyr we ondan her ýyl doglan gününde sowgat alypdyr. Şa zenany aradan çykandan soňra bu däbi Karl III dowam etdiripdir.

Ýene-de okaň

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi