Dünýäniň iň gadymy DNK-sy tapyldy

“Nature” žurnalynda çap edilen maglumata görä, alymlar Sibirde tapylan üç mamont dişinde dünýäniň iň gadymy DNK-syny tapdylar. Takmynan 1,2 million ýyllyk mamont dişleriniň Sibiriň sowuk we doňan topraklarynda janly galýandygy mälim edildi.

Şwesiýaly alymlar rus kärdeşleri bilen bilelikde bu ýerde ylmy-barlag işlerini alyp bardylar. Şwesiýanyň Paleogenetika merkeziniň genetigi we ylmy-barlag toparynyň agzasy Law Dalen tapylan mamontlaryň 1,2 million ýyl mundan ozal Sibirde ýaşandyklaryny belläp, olaryň 420 müň ýyl mundan öň Demirgazyk Amerikada ýaşandygy anyklanan tüýli mamontlaryň neşilbaşysy bolup durýandygyny belledi.

Ylmy-barlag işleriniň netijesinde tapylan mamontlaryň dişleriniň azy dişleriniň iki dürli mamonta degişlidigi anyklandy.

Alymlar mamontlaryň dişleriniň janly galmagyna haýran galandyklaryny belläp, iki ýyl mundan ozal 1,7 million ýyllyk nosorogyň dişiniň tapylandygyny, onda DNK galyndylary bolman, diňe belok nusgasynyň bardygynyň anyklanandygyny mälim etdiler.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanly ýaş alym «Balsaýat» sazynyň dünýä gymmatlygyna öwrülip biljekdigine ynanýar

Häzirki wagta çenli iň gadymy DNK hökmünde 560 müň bilen 780 müň ýyl mundan öň ýaşap geçen atyň DNK-synyň iň gadymy bolup durýandygy mälim edildi.

Molekulýar arheolog we ylmy-barlagyň agzalaryndan Anders Götherström 2 million ýyllyk DNK-ny aňsatlyk bilen tapyp biljekdiklerini aýdyp, bu ugurdaky barlaglaryň dowam etjekdigini belledi.

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!