Dünýäniň iň baý sport toparlarynyň eýeleri

Dünýä belli “Forbes” neşiri sport toparlaryna eýeçilik edýän baý işewürleriň sanawyny çykardy. Dünýäniň esasy sport çempionatlarynda toparlara eýeçilik edýän işewürleriň umumy baýlygy 426 milliard dollar bolupdyr.

Sanawyň birinji orny “Mumbay Hindistan” kriket sport toparynyň hindi eýesi Mukeş Ambani eýeleýär. Onuň baýlygy 84,5 milliard dollardan ybarat bolupdyr. Ambaniň eýeçilik edýän kriket topary, eýýäm Hindistan Premýer-liga çempionatynda yzly-yzlyna ikinji gezek çempion bolmagy başarypdyr.

Ikinji orunda bolsa “Los Anjeles Klippers” basketbol toparyna eýeçilik edýän işewür Stiw Balmer ýerleşipdir. Onuň umumy baýlygy bolsa 68,7 milliard dollara ýetipdir.

Üçünji orny ýene-de “Kliwlend Kawalers” atly basketbol toparyna eýeçilik edýän işewür Deniel Gilbert eýeledi. Onuň baýlygy geçen ýyl bilen deňeşdirenimizde 700% göterim ýokarlanyp, umumy baýlygy 51,9 milliard dollara ýetipdir.

Dünýäde sport toparlaryna eýeçilik edýän baý işewürleriň 10 sanysy:

Okap bilersiňiz  «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby türk dilinde

1. Mukeş Ambani (“Mumbay Hindistan” kriket sport topary) – 84,5 milliard dollar

2. Stiw Balmer (“Los Anjeles Klippers” basketbol topary) – 68,7 milliard dollar

3. Deniel Gilbert (“Kliwlend Kawalers” basketbol topary) – 51,9 milliard dollar

4. Fransua Pino (“Renn” futbol topary) – 42,3 milliard dollar

5. Ditrih Mateşis (“Red Bull” sport ulag ýaryş topary) – 26,9 milliard dollar

6. Robert Pera (“Memfis Grizlis” basketbol topary) – 18,3 milliard dollar

7. Stiw Koen (“Nýu-Ýork Mets” beýsbol topary) – 16 milliard dollar

8. Roman Abramowiç (“Çelsi” futbol topary) – 14,5 milliard dollar

9. Dewid Tepper (“Karolina Panters” amerikan futbol topary) – 14,5 milliard dollar

10. Josef Saý (“Bruklin Nets” basketbol topary) – 11,6 milliard dollar

 

“Forbes” baý adamlaryň täze sanawyny çap etdi