TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dünýäniň iň baý adamy täzelendi

Amerikanyň “Bloomberg” kompaniýasy dünýäde iň baý 500 sany milliarderlary bilen yzygiderli tanyşdyrýar. Şeýle hem bu kompaniýa 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde özüniň sanawyny täzeledi. Bu sanawda tehnologiýa kompaniýalaryň eýeleri hem görmek bolýar. Mundan öň hem bilşimiz ýaly, dünýäniň iň baý adamy “Amazon” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos hasaplanylýardy. Täzelenen sanawda Bezos öz ornuny ýitiripdir. Ozalky sanawda Ikinji orny eýelän “Tesla” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Musk bu gezek birinji orna geçipdir.

Ilon Maskyň baýlaryň sanawynda birinji orna çykmagyna onuň kompaniýasynyň gymmat bahaly kagyzlarynyň bahasynyň ýokary galmagy bilen baglanyşyklydyr. Soňky maglumatlar esasynda onuň gymmat bahaly kagyzlary 5 göterimden hem köp gymmatlapdyr. Şonuň netijesinde onuň baýlygy 188,5 milliard dollara barabar bolupdyr. Kompaniýanyň paýnamalary geçen ýyl 743 göterim ýokarlanypdy.

Geçen aý geçirilen söhbetdeşlikde Mask maddy baýlyk bilen gyzyklanmandygyny, ýöne “Tesla” we “SpaceX” kompaniýalaryndaky paýlaryndan başga kän bir paýnamalarynyň ýokdugyny belläpdi. Mask esasy maksadynyň adamzadyň kosmos giňişliginde syýahat etmegini gazanmakdan ybaratdygyny belledi.

2020-nji ýylda 27 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý 50 adamynyň hataryna giren Ilon Mask “Tesla” kompaniýasynyň paýnamalarynyň 9 esse ýokarlanmagy bilen baýlygyna 150 milliard dollardan gowrak pul serişdelerini goşdy. Kompaniýanyň bazar bahasy 737,6 milliard dollara çenli ýokarlandy.

Sanawdaky ikinji orna geçen Bezosyň baýlygy 184 milliard dollara deňdir.

Dünýäniň iň baý 500 adamynyň baýlygy 2020-nji ýylda takmynan 1,8 trillion dollar artyp, 7,6 trillion dollar boldy.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Teswirle