Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos futbol dünýäsine aralaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Italiýanyň metbugaty habar berýär.

Metbugatyň habaryna görä, Italiýanyň Naples şäherinde kosmos bazasyny gurmak isleýän Bezos şol bir wagtda “Napoli” toparyny hem satyn almagy meýilleşdirýär.

“Napoli” topary De Laurentisden Jeff Bezosa geçmeigne garaşylýar. Kino prodýuseri Aurelio de Laurentis “Napoli” topary bilen bir hatarda Italiýanyň aşaky ligalarynda çykyş edýän “Bari” toparynyň hem eýesidir.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda “Amazon” bilen “Napoli” toparynyň arasynda gatnaşyklar ýola goýuldy. Gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, “Napoli” toparynyň sport eşikleri “Amazon” kompaniýasynyň platformasynda satylyp başlandy.

Täze möwsümde “Amazon” bilen “Napoli” toparynyň arasynda täze ylalaşyk baglaşyldy. Şoňa laýyklykda, toparyň sport köýnekçesinde kompaniýasynyň nyşany ýerleşdiriler. Italýan topary bu şertnamadan ýylda 2 million ýewro girdeji gazanar.

 

“Hytaý-Merkezi Aziýa” onlaýn sammiti geçirildi