TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Dünýäniň iň ak reňk öndürildi we onuň peýdasy

ABŞ-nyň “Perdýu” jemgyýetçiliki uniwersitetiniň inženerleri dünýäniň iň ak reňkini öndürdiler. Täze materialy döredijiler bu boýagyň şöhlelendiriji häsiýetlerini ulanyp, binalary kondisionersiz sowadyp boljakdygyny belleýärler. Bu bolsa energiýa tygşytlamagynda möhüm wakalaryň biridir. 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda hem gözleg topary 95 göterim güni şöhlelendirýän ak boýagy öndüripdi. “Perdýu” uniwersitetiniň inženerleri tarapyndan döredilen ak reňk 98 göterim güni şöhlelendirýär we binalaryň içini has gowy sowadýar. Inženerler oýlap tapyşlarynyň sowadyş häsiýetlerini barlamak üçin termopar atly ýokary ölçeg enjamlaryny ulandylar. Haçan-da günortan günüň gyzmagy bilen bu boýagyň bilen reňklenen bina, 4,5⁰C çenli sowuklygy saklap bilýär.

“Eger-de 90 metr kwadrat meýdany bolan binanyň üçegini bu boýag bilen reňkleseňiz, onuň sowadyş kuwwaty 10 kilowat barabar bolar. Bu bolsa adaty binalarda ornaşdyrylýan kondisionerlerden sowadyşy babatynda güýçli diýmekdir” diýip, gözleg toparynyň ýolbaşçysy, “Perdýu” uniwersitetiniň professory Sýulin Juan belläp geçýär.

Şeýle boýagyň köp ulanylmagy tutuş planetany sowatmaga kömek eder. Bu gözleg “ACS Applied Materials & Interfaces” ylmy žurnalynda çap edilipdir.

 

Ýene bir ýörite uçar gatnawy: Türkmenbaşy-Stambul

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle