TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dünýäniň ilkinji wodorodly uçary

Angliýanyň “ZeroAvia” kompaniýasy wodorod ýangyjyny ulanyp, dünýäde ilkinji täjirçilik uçarynyň uçuşyny amala aşyrdy diýip, “Sky News” habar berýär. “Piper M” kysymly uçar, suw buglaryndan başga howada yz galdyrmaýar. Bu uçar ýörite wodorod elektrik hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylandyr. Täze görnüşli hereketlendirijisi bolan uçar, eýýäm uçuşlary amala aşyrdy.

“ZeroAvia” kompaniýasynyň başlygy Wal Miftahowyň pikiriçe, gazylyp alynýan ýangyçlary ýakýan adaty hereketlendirijileriň ýerine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeli hereketlendirijileri ulanmagy maksat edinýändiklerini mälim etdi. Kompaniýada eýýäm wodorod bilen üpjünçilik infrastrukturasy döredildi.

Wodorod uçarlaryna geçmek baradaky meýilnamany “Airbus” kompaniýasy hem işleýär. Kompaniýada täze uçarlar üçin birnäçe taslamalar bar. Bu iri kompaniýa 2035-nji ýyla çenli “Ýaşyl awiasiýa” işine başlamagy meýilleşdirýär.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle