TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň ilkinji antibakterial telefony

Dünýäniň ilkinji antibakterial telefony Angliýada öndürildi. Telefonyň ýüzüne ýerleşdirilen ionlaryň bakteriýalaryň köpelmegine päsgel berýändigi mälim edildi.

Dünýäde giňden ýaýran täze görnüşli koronawirus ýokanjy sebäpli tehnologiýa kompaniýalary gigiýena taýdan arassa önümçilige has köp üns berip başladylar. Şonuň netijesinde, Angliýanyň “Bullitt” tehnologiýa kompaniýasy bakteriýalaryň köpelmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni alýan ilkinji “akylly” telefony öndürdi.

“Cat S42” diýlip atlandyrylan telefonyň ýüzüne ýerleşdirilen ionlaryň bakteriýalary we wiruslary doly ýok etmese-de,  patogenleriniň ýaýramagynyň öňüni alýar.

Firmanyň ýolbaşçylary bu telefonyň bakteriýanyň sanyny 15 minutyň dowamynda 80 göterim. 24 sagadyň dowamynda 99,9 göterim azaltýandygyny belledi.

SABYNLY SUW BILEN ÝUWMAK BOLAR

Telefony önümçiliginden jogapkär inženerler onuň suw geçirmeýändigini we arassalamak üçin sabynly suw, dezinfeksiýa serişdeleri bilen ýuwup boljakdygyny bellediler.

“Bullitt” toparynyň wise-prezidenti Piter Kanningham “Saglyk ýa-da durmuş ideg gurşawynda işleýän müşderilerimiz üçin örän möhümdir. Önümimiz dünýäde ýeke-täk. Häzirden köp sargytlar alýarys” – diýip belledi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle