Dünýäniň ilatynyň 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli 8 milliarda golaýlaýar. Bu barada BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň “Dünýä ilatynyň perspektiwi-2022” hasabatynda bellenilip geçilýär.
Taryhda ilkinji gezek ilatyň ortaça ýaşynda we dünýäniň dürli ýurtlarynda dogluş derejesinde adatdan daşary köpdürlülik hasaba alyndy. Ýurtlaryň aglabasynyň ilaty garraýar, dünýä ilatynyň takmynan 60 göterimi çaga dogluş derejesi pes ýurtlarda ýaşaýan bolsa, beýleki ýurtlarda ýaşlaryň sany köpelýär.
“Dünýä ilatynyň perspektiwi-2022” hasabatynyň möhüm maglumatlary:
- Çaklamalara görä, dünýäniň ilatynyň 2080-nji ýyllarda 10,4 milliard derejesine ýetip, 2100-nji ýyla çenli şol derejede galmagyna garaşylýar.
- Dünýäniň ilatynyň sany 7 milliarddan 8 milliarda 12 ýylda ýetdi. Şeýle ösüş döwri 6 milliarddan 7 milliarda ýeten döwründe-de saklanyp galypdy.
- Ilatyň ýene-de 1 milliard köpelmegi üçin 14,5 ýyl gerek bolar.
- Dünýäniň ilatynyň 8 milliarda ýetmeginde Aziýa sebitindäki demografik ösüşiň paýy uludyr. Bu ugurda ikinji uly goşandy Afrika goşýar.
- Afrika bilen Aziýa 2037-nji ýyla çenli dünýäniň ilatynyň ýene-de 1 milliard köpelmegine öňdebaryjy orun eýelär.