BIZNES

Dünýäniň baýlarynyň täze sanawy

Bilermenler dünýäniň baýlarynyň täze sanawyny taýýarlady. “Bloomberg” neşiriniň habar bermegine görä, sanawda birinji orny Jeff Bezos eýeledi we onuň emlägi 200 milliard dollara deň hökmünde kesgitlendi.

Sanawda ikinji orun Ilon Maksa degişli bolup, onuň baýlygynyň 198 milliard dollara barabardygy mälim edildi. Bilermenleriň bellemegine görä, Bezos geçen ýylyň dowamynda 23 milliard dollar gazanan bolsa, Ilon Mask bolsa 31 milliard dollar ýitirdi.

Ýer şarynyň iň baýlarynyň sanawy yzygiderli üýtgäp durýar. Ol hem dünýä bazarynyň ýagdaýyna berk bagly bolýar.

Hasaplanan maglumatlara görä, 2020-nji ýylda dünýäniň baýlarynyň 5-siniň arassa girdejisi 114 göterim artyp, 869 milliard dollara deň boldy.

Ýene-de okaň

Özbegistan 10 milliard dollarlyk “akylly” şäher gurar

Türkmenistanda 40 milliard 230 million kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşy

Eýranda 1.7 million awtoulag öndüriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň ikinji duşuşygy

Türkmenistanda “akylly” gaz hasaplaýjy enjamlary gurnalar