TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Dünýäniň abraýly zenanlarynyň sanawy belli boldy

Amerikanyň “Forbes” žurnaly, dünýäniň iň abraýly 100 sany zenanyň on ýedinji gezek ýyllyk sanawyny çap etdi. Bu ýylda 30 döwletden abraýly zenanlar sanawa gatnaşdy. Bularyň 10-sy döwletiň ýolbaşçylary, 38 sany kompaniýalaryň baş ýolbaşçylary we güýmenje pudagynyň bäş wekilidir.

Birinji orny eýýäm 10 ýyldan bäri yzly-yzlyna Germaniýanyň kansleri Angela Merkel eýeleýär. Ikinji orna 2-nji gezek Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagard ýerleşdi. Üçünji ýeri Jo Baýden ýurduň prezidentlik wezipesine geçenden soň, ABŞ-nyň wise-prezidenti wezipesinde işe girişjek Kamala Harris eýeledi. Şeýle hem sanawa milliarder Bill Geýtsiň aýaly (5-nji orun), “You Tube” web saýtynyň başlygy Sýuzen Woýžitski (13-nji orun), Elizaweta II Şa zenany (46-njy orun), dünýäniň iň baý adamy Jeff Bezosyň öňki aýaly (67-nji orun) we aýdymçy Rianna (69-njy orun) girdiler.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Teswirle