BIZNES

Onlaýn sergi öz işine başlady

Häzirki wagtda bütin dünýäde ähli pudaklara sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Şu günler adamlaryň oturan ýerlerinde medeniýetli dynç almaklary we wagtlaryny peýdaly zatlara sarp etmek maksady bilen Awstriýanyň paýtagty Wenada sanly görnüşdäki onlaýn sergi hepdeligi öz işine başlady. Onda sungat eserleri, suratlar, wideolar we maglumatlar ýörite web sahypa ýerleşdirildi. Sergini gurnaýjylar Wenadaky serginiň web sahypasyna günde 2500-ä golaý adam görýändigini habar berýärler. Wenadaky sanly görnüşdäki sergi 9-njy aprelde öz işini tamamlar. Bu sergi Germaniýanyň Berlin şäherinde 11-16-njy aprel aralygy onlaýn görnüşde geçiriler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda IFT-2025 halkara sergisi geçiriler

Türkmen telekeçileriniň üstünlikleriniň sergisi guralar

Türkmenistan “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görýär

Azerbaýjan 3.8 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Täze maldarçylyk fermasy gurulýar

Hindistan suwuklandyrylan gaz importynda Fransiýadan geçdi