Dünýäde näçe hytaýly bar? Dekabrda belli bolar

Ilkinji ilat ýazuwyny 1953-nji ýylda geçiren Hytaý taryhyndaky ýedinji ilat ýazuwyna girişdi. Bu işe 7 million işgär gatnaşar.

Mundan 67 ýyl ozal geçirilen ilkinji ilat ýazuwynda ýurtda 600 milliondan gowrak ýaşaýjy hasaba alnypdy. 2019-njy ýylyň maglumatlary bolsa ilat sanynyň 1,4 milliard adama ýetendigini görkezdi. Ýöne bu maglumatlarda adminstratiw sebitler hasaba alynmady.

Bu gezekki sanaw has giňişleýin bolar. Berkidilen 7 million işgäriň her biri 250 töweregi adamy hasaba alar. Ilat ýazuwyna Hytaýa garaşly Gonkongyň, Makaonyň we Taýwanyň ýaşaýjylary hem giriziler. Daşary ýurtlardaky hytaýlylar hem ilat ýazuwyna goşular. Çäräni 10-njy dekabrda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem şu gezekki sanawda ýurduň çäginde ýaşaýan adamlaryň jyns gatnaşygy, işi, bilimi, ýaşy baradaky maglumatlar toplumy hem dörediler.

 

Okap bilersiňiz  “Huawei” bassyr 2 aýdyr birinji

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!