TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Dünýäde iň köp girdeji gazanan 10 futbolçy

“France Football” žurnaly dünýäde iň köp girdeji gazanan oýunçylary sanawyny düzdi. “Premýer-ligadan” ilkinji onluga diňe bir oýunçy orun aldy.

10. Sanawyň 10-njy ornuny “PSŽ” toparynyň 21 ýaşyndaky fransuz ýyldyzy Kylian Mbappe her ýyl 24,73 million funt-sterling bilen eýeledi. 

9. Sanawyň 9-njy ornuny geçen möwsümi rekordlar bilen tapawutlanan “Bawariýanyň” Robert Lewandowski atly oýunçysy eýeledi. Polşaly hüjümçiniň ýyllyk girdejisi 26.56 million funt-sterling barabar boldy.

8. “Mançester Siti”-niň iňlis ýyldyzy Rahim Sterling 30,96 million funt-sterling girdeji gazanyp, ilkinji onluga giren ýeke-täk “Premýer-liganyň” oýunçysydyr. 

7. 2018-nji ýylda “Barselonadan” aýrylyp, Ýaponiýanyň “Vissel Kobe” toparyna geçen Andres Iniesta 31,14 million funt-sterling bilen ýeňijileriň sanawynda 7-nji ýeri eýeledi. 

6. 2019-njy ýylyň tomsunda “Çelsiden” “Real Madrid” toparyna transfer bolan Eden Hazard her ýyl 32.06 million funt-sterling gazanýar. Şeýlelikde ýyldyz futbolçy sanawda 6-njy orny eýeledi. 

5. “Barselonanyň” uly umytlar bilen transfer eden Antuan Grizmann atly oýunçysy 2019-njy ýylda 35,25 million funt-sterling gazanyp, 5-nji orna mynasyp boldy. 

4. “Real Madridden” gitmegi gün tertibinde bolan Garet Bale 2019-njy ýylda 35,45 million funt-sterling gazandy. Sanawda 4-nji orunda durýar. 

3. “PSŽ”-iň braziliýaly ýyldyzy Neýmar, ýyllyk girdejisi 87 million funt-sterling bilen sanawda 3-nji ýeri eýeledi. 

2. Kristiano Ronaldo, 109 million funt-sterling girdeji gazanyp, 2019-njy ýylda iň köp girdeji gazanan 2-nji oýunçy boldy. 

1. “Barselonanyň” argentinaly ýyldyzy Lionel Messi ýyllyk 120 million funt-sterling bilen sanawyň başynda boldy. 

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle