TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Dünýäde garynjalaryň sany kesgitlendi

Gonkongyň entomologlary Ýer şaryndaky garynjalaryň sanyny kesgitlemek boýunça iş geçirdiler. Şonuň netijesinde, planetamyzda olaryň sanynyň 20 kwadrilliondan hem gowrakdygy kesgitlendi. Olaryň sany planetadaky ähli ýabany guşlaryň hem-de süýdemdirijileriň sanyndan köpdügi bellenildi.

Garynjalar Ýer şarynyň ähli ekoulgamlarynda öz ornuny alypdyr we häzirki wagtda olaryň 15,7 müňden gowrak görnüşi bar. Şeýle hem entek doly atlandyrylmadyk ýene-de köp sanly garynjalaryň görnüşiniň bardygy bellenilýär.

Hünärmenler planetadaky garynjalaryň sanyny kesgitlemek üçin olaryň bar bolan ähli ýerinde 489 sany ylmy-barlag işlerini geçirdiler. Ýene-de bir alymlar topary garynjalara gözegçilik etmek we sanyny kesgitlemek tabşyryldy. Bu ylmy-barlaglar birleşdirilip, 20 000 000 000 000 000 netije çykaryldy.

Ähli garynjalaryň umumy we jemi agramyny kesgitlemek babatda alymlar şeýle netije çykardylar. Olaryň pikirine görä, garynjalaryň biomassasy 12 million ton ugleroda deňdir.

Entomologlaryň ylmy-barlagyna görä, garynjalar planetada endigan däl ýaýrapdyr. Olaryň iň köp bölegi tropikada, tokaýlarda we guran sebitlerde duş gelýär.

Garynjalar hem öz bolşuna Ýer şarynyň ekoulgamynda aýgytly orun eýeleýär. Mör-möjekler tohumlar ýaýradýar,  organiki materiallary dargadýarlar we beýleki haýwanlaryň ýaşamagy üçin amatly gurşaw döredýärler. Alymlar olaryň azyk zynjyrynyň möhüm bölegidigini we daýhanlar üçin pestisidlerden has täsirli bolup biljekdigini bellediler.

Dünýäde garynjalaryň ähli künjünde gabat gelýär we islendik ýere tiz uýgunlaşýar. Alymlar garynjalaryň 130 million ýyl mundan ozal dörändigi baradaky çaklamany öňe sürýärler. Garynjalar müçesiniň kiçijikligine garamazdan, juda zähmetsöýer, agzybir jandardyr. Olar göwresinden birnäçe esse agyr ýüki-de arkaýyn göterip bilýärler.

Merkezi we Günorta Amerikada — Nikaragua, Gonduras, Kosta-Rika, Wenesuela, Kolumbiýa, Ekwador, Braziliýa, Peru, Paragwaý ýaly döwletlerde bu jandarlaryň ok garynja diýen görnüşi duşýar. Olar tokaýlyk ýerlerde agaçlaryň köküniň arasynda, ýarym metr çuňlukda hin gazynýarlar. Göwresiniň uzynlygy 1,8 santimetrden 2,5 santimetre çenli bolýar.

Muhammetmyrat Ballyýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle