TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Dünýäde Eneler günine taýýarlyk artýar

Ýene-de sanlyja günden ýagny, maý aýynyň 10-yna dünýäde Eneler güni giň gerimde bellenilip geçiler. Onda esasan hem eneler üçin garaşylmadyk dürli sowgatlar we başga-da ençeme ajaýyp zatlar taýýarlanylýar. Dünýäniň dürli künjeginde ýerleşýän restoranlar hem öz gezeginde Eneler güni mynasybetli ýörite nahar sanawyny düzmegi meýilleşdirýärler. Onda hat-da içgileriň hem ýörite aýratyn bolmagyna garaşylýar.

Birnäçe maşgalalaryň Eneler güninde restoranalara baýramçylyk bellemäge gelýändigine garamazdan bu teklip hemmeleriň göwnünden turmagyna garaşylýar. Onda nahar tabaklarynda ýörite sargyt boýunça bir gül hem ýerleşdiriler.

Bu şanly senede restoranlar sargytlar üçin hem eltip bermek hyzmaty dörediler. Bu senede sargyt boýunça eltip beriljek naharlar ýörite göze gelüwli gaplara gaplanar.

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle